Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, taraplar türkmen-türk gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryna garadylar. Diplomatlar hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Halkara düzümleriň çäklerindäki iki ýurduň özara gatnaşyklaryna aýratyn üns berildi. Hususan-da, taraplar maddy däl medeni mirasy gorap saklamak we dünýä ýaýmak maksady bilen ÝUNESKO-nyň çäklerinde bilelikdäki işiň ähmiýetini bellediler.
