Halkara gaz bileleşiginiň (HGB) prezidenti Andrea Steger 2025-nji ýylyň 22 — 24-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriljek «OGT 2025» forumyna gatnaşjakdygyny mälim etdi. Bu barada forumyň guramaçylyk komiteti habar berdi.
Forumda Andrea Stegeriň çykyş etmegi sebit we dünýä energetika bazarlary üçin möhüm döwürde «OGT-niň» ýokary derejeli gepleşikleriň platformasy hökmündäki ähmiýetini artdyrar. HGB dünýäniň gaz pudagyndaky öňdebaryjy milli birleşikleri we kompaniýalary birleşdirip, ygtybarly, howpsuz we pes uglerodly energiýa çözgütlerini öňe sürýär. «OGT-niň» taryhynda ilkinji gezek HGB-niň prezidentiniň hut özüniň foruma gatnaşmagy bu maslahatyň halkara derejesindäki ähmiýetiniň artýandygyny hem-de Türkmenistanyň Ýewraziýanyň energetika bazaryndaky strategik ornunyň pugtalanýandygyny görkezýär. Häzirki wagtda HGB dünýäniň 70-den gowrak ýurdundan 130-dan gowrak agzany öz içine alýar we dünýä gaz bazarynyň 90 göterimden gowragyna wekilçilik edýär.
Şol bir wagtyň özünde «OGT 2025-e» gyzyklanmanyň barha artýandygyny bellemek gerek. Şu wagta çenli 40 ýurtdan 300-den gowrak halkara wekil foruma gatnaşjakdygyny tassyklady. Foruma gatnaşjaklaryň arasynda milli we halkara nebit-gaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, tehnologik kompaniýalaryň ýolbaşçylary we maliýe institutlarynyň wekilleri bar.
