Alitusyň «Daýnawa» kluby Litwanyň futbol çempionatynyň 18-nji tapgyrynyň myhmançylykda geçiren oýnunda «Riteryaý» toparyny 2:0 hasaby bilen ýeňdi. Duşuşyk Wilnýusda geçirildi.
«Daýnawanyň» hatarynda gollary Artýom Baftalowskiý (22-nji minut) we Dawor Rakiç (45-nji minut) saldylar.
Türkmen hünärmeni Mergen Orazowyň ýolbaşçylygyndaky topar A-ligada yzly-yzyna ikinji ýeňşini gazandy – ozal klub 17-nji tapgyrda «Bangu» klubyny 2:1 hasaby bilen ýeňipdi.
.jpg)
Bu ýeňişden soň «Daýnawa» on utuk toplap, Litwanyň çempionatynyň ýaryş tertibinde 10-njy ýeri eýeleýär. «Riteryaý» 13 utuk bilen 9-njy ýerde barýar.
Indiki oýnunda «Daýnawa» 6-njy iýulda öz meýdançasynda «Jýugas» FK bilen duşuşar.
Belläp geçsek, Mergen Orazow 2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri Türkmenistanyň ýygyndysy bilen işläninden soň, Litwanyň klubyna ýolbaşçy boldy.
Hünärmeniň tälimçilik ýolundaky iň üstünlikli döwri «Ahal» toparyna ýolbaşçylyk eden ýyllarydyr. Onuň ýolbaşçylygynda klub öz taryhynda ilkinji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy we AFK Çempionlar ligasynda Kataryň «Al-Garafa» klubyny 4:2 hasaby bilen ýeňip, ilkinji ýeňşini gazandy. 2022-nji ýylda Orazow Türkmenistanyň iň gowy tälimçisi diýlip ykrar edildi.
