Şwesiýadaky Çalmersiň tehnologik uniwersitetniniň alymlar agaçdan däl-de, bugdaý we süle galyndylaryndan sellýulozadan edilen mata öndürmegiň täze usulyny teklip etdiler. Ylmy işiniň jemleri «RSC Sustainability» žurnalynda çap edildi.
Sellýulozanyň däp bolup gelýän agaçda almak usuly kän serişde, pagta bolsa suw we toprak talap edýär. Oba hojalyk galyndylaryndan mata öndürmek has ekologik hem-de ykdysady taýdan bähbitli çözgüt bolup biler.
Ady agzalan uniwersitetiň himiýa kafedrasynyň uly ylmy işgäri Diana Berniniň aýtmagyna görä, oba hojalyk galyndylaryny mata almak üçin gaýtadan işlemek amatlydyr.
Alymlar bu ylmy barlaglarda indiki tapgyra — täze sellýulozadan mata süýümlerini almaga girişdiler. Olar geljekde bu maksatlary öň bar bolan kagyz-sellýuloza kombinatlaryna ornaşdyrmakçy bolýarlar.
«Eger biz täze fabrikleri gurman, öň bar bolan kuwwatlyklary peýdalansak, bu durnukly egin-eşik önümçiligi boýunça wajyp ädim bolar» diýip, bu taslama «Tree To Textile» kompaniýasyndan gatnaşyjy Ýoanna Woýtaş gürrüň berýär.