Şu günler Saud Arabystany Patyşalygyna zyýarata giden türkmenistanlylar keramatly Mekge we Medine şäherlerinde bolup, haj parzlaryny ýerine ýetirýärler. «Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, Türkmenistandan baran zyýaratçylar Gurban baýramy günlerinde agzybirlikde sadaka berdiler.
Habarda bellenilişi ýaly, gurbanlyk sadakasynda tebärek çykylandan soňra milli tagamlar çekildi, sadaka gatnaşýan adamlara hezzet-hormat edildi. Berlen sadakanyň dowamynda okalan aýat-töwirlerde mukaddes Gurban aýynda berlen sadakalaryň, edilen zyýaratlaryň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagy dileg edildi.
Şu ýyl mukaddes Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde türkmenistanlylaryň 2 müň 844-si yslam dünýäsiniň mukaddesliklerine zyýarat edip, haj parzlaryny berjaý etmekleri üçin ugradyldy. Şolaryň 289-sy döwlet tarapyndan, 2 müň 555-si bolsa öz serişdeleriniň hasabyna iberilenlerdir.