Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn Çaýhana» goşundysy bilen wagtyňyzy tygşytlaň: islendik nahary öýüňize eltip bermek

11:4503.05.2025
0
36444

«Altyn Çaýhana» restoranynyň mobil goşundysy müşderilere öýe eltip bermek hyzmaty bilen türkmen, Ýewropa, türk we Aziýa aşhanalarynyň dürli tagamlaryny sargyt etmäge mümkinçilik berýär. Indi birnäçe bary-ýogy birnäçe düwmä basmak bilen, 100-den gowrak görnüşli iýmitli menýuda hödürlenýän halaýan tagamlaryňyzdan lezzet alyp bilersiňiz.

«Altyn Çaýhana» mobil goşundysynyň kömegi bilen, islendik wagtda — adatça, başagaý bolup wagtyň bolmaýan mahaly, gaz pejiň öňünde durmaga ýagdaýyň bolmasa ýa-da myhmançylyk oturylyşygynda myhmanlary datly tagamlar bilen garşy almak isleseň, nahar bişirmek zerurlygyndan dynyp bolýar. Restoran naharlaryň mümkin boldugyça çalt eltilmegini kepillendirýär, şonuň netijesinde sargyt edilen tagamlar gyzgynlygyny we tagamyny saklaýar.

Ulanyjylara amatly bolmagy üçin töleg etmegiň dürli görnüşleri hödürlenýär: eltip berijiden sargyt alnandan soň nagt ýa-da bank karty arkaly.

«Altyn Çaýhana» mobil goşundysyny Google Play we App Store internet dükanlaryndan ýükläp alyp bilersiňiz.

«Altyn Çaýhana» restoranynyň salgylary:

  • ýerleşýän salgysy: Gurbansoltan eje köçesi, 168-nji jaý (Demir ýol menziliniň ýanyndaky awtobus duralgasy).
  • telefon belgileri: (+993 12) 94 11 61, (+993 12) 94 11 71, (+993 65) 72 37 46, (+993 65) 72 35 47, (+993 65) 65 53 10;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň