«Altyn Paradise Garden» restorany Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny eýýäm müşderiler üçin açyk bolan terrasasynda bahar paslynyň täzelenişi alamatlandyrýan sergin atmosferasyny duýmaga hem-de ajaýyp agşamlardan lezzet almaga çagyrýar.
«Altyn Paradise Gardeniň» myhmanlary diňe bir owadan dizaýna we oňaýly gurşawa däl, eýsem gastronomiki taýdan baý menýuwa hem baha berip bilerler.
Täze möwsümde güýmenje programmasyna aýratyn üns berilýär. Anna gününden ýekşenbe gününe çenli myhmanlar ussat sazandalaryň we zehinli aýdymçylaryň çykyşlaryndan lezzet alyp, özboluşly baýramçylyk atmosferasyny döredip bilerler. Janly aýdym-sazlar romantiki agşamlyk naharynyň ýa-da açyk asmanyň astyndaky dostlukly duşuşyklaryň üstüni ajaýyplyk bilen ýetirer.
«Altyn Paradise Gardeniň» tomusky terrasasy — maşgala baýramçylygy, işewürlik duşuşygy ýa-da gök öwüsýän gülleriň gurşawynda asuda dynç almak üçin amatly ýerdir.
Stollary öňünden belledip goýmak üçin şu telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz: (+993 65) 56 15 45, (+993 12) 94 11 61, (+993 12) 94 11 71, (+993 65) 72 37 46, (+993 65) 72 35 47.
Restoran Aşgabat şäherinde şu salgyda ýerleşýär: Gurbansoltan eje köçesi, 168-nji jaý (Demir ýol menziliniň ýanyndaky awtobus duralgasy). Sosial media ulgamyndaky sahypasy.
Fotoreportaž: "Altyn Paradise Garden"-iň tomusky terassasy myhmanlara garaşýar