Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

14-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

12:1214.04.2025
0
16262

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýa sapar bilen ugrady, 5-8-nji awgust aralygynda «Awazada» BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar boýunça maslahaty geçiriler, Türkmenistanyň Mejlisi birnäçe täze kanunlary kabul etdi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Ýaponiýada saparda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün ir bilen Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň çäginde guralan Türkmenistanyň Milli gününe gatnaşdy. Döwlet Baştutany ilki bilen «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş binasyna baryp, bu ýerde serginiň Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Bütindünýä sergisi boýunça ministri Ito Ýoşitaka bilen bilelikde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabara gatnaşyp, bu ýerde söz sözledi hem-de milli pawilýonyň toý bagyny kesdi.

https://turkmenportal.com/blog/89943/prezident-turkmenistana-posetil-ekspo2025-v-osake

2. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyny Türkmenistanda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek barada Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu çäre 5 — 8-nji awgust aralygynda geçiriler. Degişli Kararnama ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde kabul edildi.

https://turkmenportal.com/blog/89940/konferenciya-oon-po-stranam-bez-vyhoda-k-moryu-proidet-58-avgusta-v-turkmenskoi-avaze

3. Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň sekizinji maslahatynda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmäge gönükdirilen kanunlaryň birnäçesine seredildi we kabul edildi. Şolaryň biri hem «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň täze beýanydyr. Awtomobil ulagynyň hereketiniň hukuk, ykdysady we guramaçylyk binýadyny kesgitleýän «Awtomobil ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Kanunynyň kabul edilmegi möhüm çözgütleriň biri boldy. Şeýle hem maslahatda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Ýazdursun Gurbannazarowa çykyş etdi.

https://turkmenportal.com/blog/89931/medzhlis-turkmenistana-prinyal-ryad-novyh-zakonov

4. «Galkynyş» gaz känindäki 285 belgili ulanyş guýusynda 4452 metr çuňlukda buraw işleri üstünlikli geçirilip, tebigy gazyň bir gije-gündizde 2 million kub metr bolan täze akymy alyndy. Gaz ýeriň 4,5 müň metr çuňlugyndaky gatlaklardan alynýar.

https://turkmenportal.com/blog/89935/novaya-skvazhina-na-mestorozhdenii-galkynysh-daet-2-mln-kubometrov-gaza-v-sutki

5. Türkmenistanyň Hytaýdaky Medeniýet ýylynyň çäklerinde Sian şäherinde türkmen sungat ussatlarynyň konserti boldy. Çäräniň dowamynda tomaşaçylar türkmen halkynyň milli aýdym-sazlaryndan hem-de tanslaryndan özboluşly lezzet aldylar. Şensi welaýatynyň häkiminiň orunbasary Sýuý Minfeýiň bellemegine görä, bu çärä Türkmenistan bilen medeniýet, sungat, syýahatçylyk we beýleki ugurlar boýunça amaly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň täze başlangyç nokady hökmünde garalyp bilner.

https://turkmenportal.com/blog/89921/v-ramkah-goda-kultury-turkmenistana-v-kitaiskom-siane-proshel-koncert

Dünýäde

1. Türkiýede güýçli aýaz oba hojalygyna täsir etdi. Türkiýäniň oba hojalyk ministri Ibragim Ýumaklynyň belleýşi ýaly, şu ýylyň mart-aprel aýlarynda ýurduň käbir etraplarynda soňky 30 ýyldaky iň pes temperatura hasaba alyndy. Aýratynam 10-12-nji aprelde has sowuk boldy, temperatura -15°C-e pese gaçyp, gar we doly ýagdy. Sowuk howa alma we erik baglary, hoz agaçlary, üzümçilikler, ýeralma we sogan ýaly dürli oba hojalyk ekinlerine zyýan ýetirdi. Hökümet zyýan çeken daýhanlara goldaw bermegi meýilleşdirýär.

https://turkmenportal.com/blog/89938/silnye-zamorozki-v-turcii-povliyali-na-selskohozyaistvennyi-sektor

2. Hytaýyň demirgazyk sebitleri güýçli ýelli weýrançylykly tupan bilen ýüzbe-ýüz boldy. Daglyk ýerlerde ýeliň tizligi 40 m/s-a ýetýär. Meteorologlar howpsuzlyk sebäpli agramy 50 kg-dan pes raýatlara öýlerinden çykmazlygy maslahat berdiler. HHR-niň Milli meteorologiýa merkezi howpuň «mämişi» derejesini yglan etdi. Pekinde ýüzlerçe uçuş ýatyryldy we seýilgähler ýapyldy. Güýçli ýel agaçlary ýykdy, awtoulaglara we gadymy binalara zeper ýetirdi. Ýurduň käbir sebitlerinde demir ýol gatnawy togtadyldy.

https://turkmenportal.com/blog/89944/moshchnyi-shtorm-paralizoval-severnye-regiony-kitaya

Sport täzelikleri

1. Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň Prezidenti Şeýh Salman bin Ibragim Al Halifa Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Guwançmuhammet Öwekow bilen geçirilen duşuşykda türkmen futbolynyň ösüşine ýokary baha berdi. Şeýh Salman Öwekowy geçen ýylyň noýabr aýynda türkmen futbolynyň başlygy wezipesine biragyzdan saýlanmagy bilen gutlady. AFK-nyň Prezidenti 2027-nji ýylda geçiriljek Aziýa kubogynyň saýlama ýaryşynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň üstünlikli başlandygyna aýratyn ünsi çekdi. «Arkadag» klubynyň üstünlikleri hem bellenildi, topar AFK-nyň Çagyryş ligasynyň häzirki ýaryşynda çärýek finalda iki oýnuň jemi boýunça Hindistanyň «Ist Bengal» toparyny 3:1 hasabynda ýeňip, ýarym finala çykdy.

https://turkmenportal.com/blog/89919/prezident-afk-ocenil-futbolnye-uspehi-turkmenistana-na-vstreche-s-glavoi-fft

2. Türkmenistanyň küşt boýunça zenanlar ýygyndysynyň wekilleri Jahan Rejepowa we Bägül Ezizowa Almatyda geçirilen Aziýanyň zolaklaýyn çempionatynda, degişlilikde, 4-nji we 6-njy orunlary eýelediler. Aýratyn-da 14 ýaşly Jahan Rejepowa tapawutlandy, ol FIDE-niň zenan ussady diýen adyna mynasyp boldy we zenan halkara ussadynyň birinji kadasynyň talaplaryny ýerine ýetirdi. Ýaryş 2025-nji ýylyň FIDE-niň Dünýä kubogy ugrunda resmі saýlama tapgyry bolup, oňa Merkezi Aziýanyň bäş ýurdundan we Owganystandan 131 ussat küştçi, şol sanda 87 erkek we 44 zenan küştçi gatnaşdy.

https://turkmenportal.com/blog/89945/shahmatistki-turkmenistana-voshli-v-top6-zonalnogo-chempionata-azii

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň