Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşdy

09:3314.04.2025
0
25936

Ýaponiýada saparda bolýan hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün ir bilen Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň çäginde guralan Türkmenistanyň Milli gününe gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu iri gözden geçirilişe gatnaşýan 160-a golaý ýurduň arasynda öz Milli gününi ilkinjileriň hatarynda geçirmek hormatyna eýe boldy, bu barada turkmenmetbugat.gov.tm habar berýär.

«EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş binasyna baran döwlet Baştutany bu ýerde serginiň Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazga galdyrdy. Soňra Ýaponiýanyň «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisi boýunça ministri Ito Ýoşitaka bilen bilelikde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabara gatnaşyp, bu ýerde söz sözledi. Şeýle-de Ýaponiýanyň resmi wekilleri bilen bilelikde Türkmenistanyň milli pawilýonyna baryp gördi. Türkmenistanyň Prezidenti dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda pawilýonyň toý bagyny kesdi. Soňra bu özboluşly desga bilen tanyşlyk boldy. Belent mertebeli myhmanlar ýurduň taryhyny, gözel tebigatyny, milli baýlyklaryny, 3D animasiýa görnüşinde taýýarlanan wideoşekile tomaşa etdiler. Binanyň ikinji gatynda Arkadag şäheriniň, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň sergi eksponatlary ýerleşýär. Üçünji gatda bolsa myhmanlara türkmen milli tagamlary hödürlenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň