Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Nýu-Delide Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaby tanyşdyryldy

10:3912.04.2025
0
16605
Nýu-Delide Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaby tanyşdyryldy
Surat: mfa.gov.tm

11-nji aprelde Nýu-Deli şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan guraldy.

Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, bu çärä Nýu-Delide okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Tanyşdyryş dabarasynda talyplara 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp ýurtda geçirilýän çäreler barada habar berildi.

Çärede Türkmenistanyň Prezidentiniň görnükli söz ussadynyň mirasynyň, onuň dünýä edebiýatyna goşan goşandynyň, şahyryň ýubileýi mynasybetli guralan çäreleriň giňden beýan edilýän «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň çapdan çykmagynyň ähmiýeti nygtaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň