Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny satyn aldylar. Şeýle hem gyrgyzystanly telekeçilere nah mata we nah ýüplük ýerlenildi.
Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 835 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 18 million 391 müň manatdan gowrak bolan nebit ýol bitumyny we binýatlyk ýagy («Türkmennebit» döwlet konserni), gazbeton bloklaryny, boýalan matany, nah ýüplügi, dokma önümçiliginiň galyndylaryny satyn aldylar.