Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, Türkmenistanyň içeri işler ministriniň täze orunbasary wezipä bellendi, 26-njy aprelde Türkmenistanda ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşigi geçiriler we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2025-nji ýylyň 3 aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy, şeýle hem ýurtda howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
2. Türkmenistanyň Prezidenti polisiýanyň podpolkownigi Öwezgeldi Kakalyýewi ýurduň içeri işler ministriniň orunbasary wezipesine belledi. Ol döwlet Baştutanynyň gol çeken Permany bilen wezipeden boşadylan polisiýanyň podpolkownigi Wepaly Ataýewiň ornuna bellenildi.
3. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Arkadag şäherinde 26-njy aprelde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler. Bäsleşik behişdi bedewleriň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen geçiriler.
4. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri Emir Turki bin Muhammed Al Saudy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygy bilen däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň we ýakyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýändigi bellenildi. Söhbetdeşler nebiti we gazy çykarmak, gaýtadan işlemek hem-de olary dünýä bazarlaryna ýetirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmekde iki ýurduň uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellediler.
5. Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen hem duşuşdy. Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler ýangyç-energetika, söwda, maýa goýum, ulag-aragatnaşyk, himiýa we dokma senagaty hem-de oba hojalyk ulgamlaryny, parlamentara we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda bellediler.
6. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş direktory Huseýn Al-Musallamy hem-de Milli Olimpiýa Komitetleriň Assosiasiýasynyň birinji wise-prezidenti, Katar Döwletiniň Olimpiýa Komitetiniň prezidenti Şeýh Joaan bin Hamad Al Tanini kabul etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň we Milli Olimpiýa Komitetleriň Assosiasiýasynyň alyp barýan işleriniň bütin dünýäde sporty ösdürmäge we Olimpiýa gymmatlyklaryny dabaralandyrmaga ýardam berýändigini belläp, bu guramalaryň ýolbaşçylarynyň saparynyň hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge we täze başlangyçlary öňe sürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.
7. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Katar Döwletiniň Olimpiýa Komitetiniň prezidenti Şeýh Joaan bin Hamad Al Tani bilen hem duşuşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Kataryň sporty ösdürmekde gazanýan üstünliklerine ýokary baha berip, Türkmenistanyň bu ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady. Halk Maslahatynyň Başlygy katar tarapyny Bitaraplygyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.
Dünýäde
1. Başgyrt «Ay Yola» toparynyň «Humaý» aýdymy daşary ýurt platformalaryda meşhurlyk gazandy – bu aýdym «Shazam-yň» bütindünýä çartynda ilkinji onlugyna girdi. Milli başgyrt saz gurallaryny ulanyp, elektroniki aýdym-saz ýerine ýetirýän taslama şu ýyl döredildi. «Humaý» onuň ikinji aýdymy boldy. Bu aýdym «Ural batyr» atly başgyrt eposynyň esasy gahrymanlarynyň biri bolan jadyly Humaýa guşuna bagyşlanýar.
2. Singapur işjeň garrylyk konsepsiýasyny ösdürýär. Öňümizdäki iki ýylda Singapurda ýaşuly nesliň 20 müňden gowrak wekiline işjeň garrylyk merkezlerine amatly elýeterlilik üpjün ediler. Milli maksatnama laýyklykda, ýurduň ähli şäherlerinde pensionerlere işjeň we şatlykly durmuşda ýaşamaga kömek edýän ýöriteleşdirilen edaralar açylar.
https://turkmenportal.com/blog/89573/singapur-razvivaet-koncepciyu-aktivnogo-stareniya
Sport täzelikleri
1. «Arkadag» topary Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň Ýokary ligasynyň 5-nji tapgyrynda «Merwi» uly hasapda ýeňlişe sezewar etdi. Çarşenbe güni «akylly» şäherde geçirilen oýun 7:0 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy. Günüň beýleki oýnunda «Aşgabat» 2:1 hasabynda «Nebitçiden» üstün çykdy. Şu gün 5-nji tapgyryň ýene iki oýny geçiriler. Olarda «Altyn asyr» «Köpetdagy», «Şagadam» bolsa «Ahaly» kabul eder.
2. «Waşingtonyň» rus hüjümçisi Aleksandr Oweçkin Milli hokkeý ligasynyň (NHL) dowamly çempionatynyň myhmançylykda «Karolina» bilen geçirilen oýunda bir şaýba geçirdi. Oweçkin NHL-iň dowamly çempionatlarynda jemi gollaryny 892-e ýetirdi. Ol bu görkeziji boýunça 894 şaýba geçiren kanadaly hüjümçi Ueýn Gretskiden soň ikinji ýerde durýar. Dowamly çempionat tamamlanýança «Waşingtonyň» ýene 7 oýny galdy.
https://turkmenportal.com/blog/89572/ovechkin-sokratil-otstavanie-ot-rekorda-gretcki-do-dvuh-golov