Turkmenportal logo
03.04.25
2260122601
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Prezident Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda Buýruga gol çekdi

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, Arkadag şäherinde 26-njy aprelde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bellenildi hem-de şol bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümi tassyklanyldy.


«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow düýn degişli Buýruga gol çekdi.