Şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa bilen Gazagystan Respublikasynyň saglygy goraýyş ministri Akmaral Alnazarowanyň arasynda-da duşuşyk geçirildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, myhman Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli 29-njy martda Arkadag şäherinde geçiriljek «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen geldi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa giň möçberli halkara çärä gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin türkmen tarapynyň adyndan Gazagystan Respublikasynyň saglygy goraýyş ministrine hoşallyk bildirdi. Şeýle-de ol türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ugurlaryň giň toplumy boýunça ösdürilýändigini belläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe mähirli salamyny beýan etdi.
Duşuşygyň barşynda myhman halkara ähmiýetli foruma gatnaşmak üçin döredilen mümkinçilige hoşallygyny beýan edip, bu maslahatyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanda geçirilmeginiň aýratyn many-mazmuna eýedigini belledi.
Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň sebitde we dünýäde ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky ähmiýeti bellenildi.
Gazagystan Respublikasynyň saglygy goraýyş ministri gaznanyň işine ýokary baha berip, bu işleriň Türkmenistanda çagalaryň sazlaşykly we sagdyn ösmegine aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň görkezijisi bolup durýandygyny belledi.