14-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow senagat howpsuzlygy çygrynda bilermenleriň hünär synagyny geçirmegiň Tertibiniň taslamasy barada hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.
Hasabatda bellenilişi ýaly, bu resminama Türkmenistanda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan degişli ministrlikler, pudak edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Kadalaşdyryjy namanyň taslamasynda bilermenleri hünär synagyndan geçirmegiň tertibi we möhletleri, talap edilýän resminamalaryň sanawy, hünär synag toparynyň işiniň düzgünleri kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň ykdysadyýetini sazlaşykly we netijeli ösdürmekde ýokary bilimli hünärmenlere uly ornuň degişlidigini, şoňa görä, olary taýýarlamagyň hem-de hünär synagyndan geçirmegiň möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.
Döwlet Baştutany önümçilik desgalarynyň kadaly ulanylmagyny üpjün etmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan resminama gol çekdi we ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberip, degişli tabşyryklary berdi.