Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Filippinlerde çybyn tutanlar sylaglanýar

10:1020.02.2025
0
10499

Filippinlerde diri ýa-da öli çybyn tutanlara 1 peso pul sylagy teklip edildi. Gan sorujylary tutmak üçin sylagy ýurduň paýtagtynyň Addition Hills diýen ýerinde girizdiler. Sebitde şeýle çäre çybyn çakmasy sebäpli ýaýraýan denge gyzzyrmasynyň möwjemesi bilen baglylykda kabul edildi diýip, «Sky News» neşiri habar berdi.

Mysal üçin, 64 ýaşly Migel Labag 45 sany çybyn liçinkasy üçin 9 peso aldy. «Bu-ýa uly kömek boldy, kofe satyn alaryn» diýip, ol gülýär.

Bu ýyl Filippinlerde eýýäm 28 müň kesellini hasaba aldylar. Addition Hills etrabynda 100 müňe golaý adam ýaşaýar. Öň bu ýerde iki sany talyp ýokançdan aradan çykandan soňra, keseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin ýaplary arassaladylar.

Başlangyç eýýäm tankyda duçar boldy: hamala, ony bähbit gazanmak üçin peýdalanjaklar hem tapylar, adamlar çybynlary gazanç etmek üçin köpeldip başlarlar diýip, adamlar aýdýarlar.

Habarda ýurtda denge gyzzyrmasyna garşy başga göreş çäreleriniň bardygy aýdylýar, mysal üçin, beýleki bir sebitde suw howdanlaryna çybynlary iýer ýaly, gurbagalary goýbermek barada kelle döwýärler.

Denge gyzzyrmasy ýiti ýokanç bolup, onuň alamatlary bedeniň temperaturasynyň ýokarlanmagy, bogun agyrysy, mäzleriň çişmesi, gusma. Köplenç dümewe meňzeş geçýär, alamatlary 2-7 günde peýda bolýar. Seýrek halatda ölüme eltýän agyr alamatlary-da bar. Soňky 20 ýylda gyzzyrma bilen kesellileriň sany artdy, 2019-njy ýylda 5,2 million keselli hasaba alyndy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň