Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Nutella» şokoladyny döreden Françesko Riwella aradan çykdy

13:3819.02.2025
0
13217
«Nutella» şokoladyny döreden Françesko Riwella aradan çykdy
Surat: daryo.uz

«Nutella» şokolad pastasyny döreden Françesko Riwella 98 ýaşynda aradan çykdy, bu barada «Il Messagger» gazeti habar berdi diýip, «Daryo.uz» ýazýar.

Riwella Barbaresko şäherinde doguldy, Turin uniwersitetinde himiýa ugrunda ylmy dereje alyp, 1952-nji ýylda Ferrero kompaniýasynda işe başlady. Özüniň ylmy we dolandyryş ukyplarynyň kömegi bilen, ol täze önümleriň taýýarlanmagynda möhüm orny eýeledi we soňra kompaniýanyň top-menejeri, şeýle-de kompaniýany esaslandyryjy Pýetro Ferreronyň ogly Mikele Ferreronyň ynamdar adamy boldy.

«Il Messaggero» gazetiniň ýazmagyna görä, hut Riwella «Nutella» atly meşhur hozly-şokolad pastasynyň taýýarlanyşyny işläp düzdi. Önüme 2024-nji ýylda 59 ýyl doldy. Hünärmen täze önümleriň işlenip taýýarlanmagy ugrunda uly hyzmatlary bitirdi.

«Nutella» şokoladyndan başga-da, Riwella kompaniýanyň täze önümleriniň döredilmegine goşant goşdy, olaryň arasynda «Mon Chéri» (1956), «Kinder Cioccolato» (1968) we «Ferrero Rocher» (1982) kemputlary, «Kinder Sorpresa» (1974) ýumurtgasy, «Tic Tac» (1969) narpyzly pastilkasy bar.

Käriniň bütin taryhynda hünärmen menejer-tehnologlykdan başlap, «Ferrero» kompaniýasynyň düýpli ylmy barlaglar boýunça direktory wezipesine çenli ýoly geçdi. Kompaniýada 40 ýyl zähmet çekip, ol 1993-nji ýylda pensiýa çykdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň