«IDEA+» agentligi G.W.Plehanow adyndaky Russiýanyň ykdysadyýet uniwersitetiniň (G.W.Plehanow adyndaky RYU) Türkmenistandaky ilkinji resmi wekili derejesini aldy. Bu hyzmatdaşlyk Russiýada ýokary hilli bilim almak isleýän türkmen dalaşgärleri üçin täze mümkinçilikleri açýar. Kompaniýa uniwersitetiň Dubaýdaky bir bölüminde okamaga we dalaşgärlere giňişleýin goldaw bermäge şert döredýär.
Hyzmatlaryň toplumy resminamalary düzetmekde doly goldaw bermegi, şol sanda giriş üçin çakylyklary taýýarlamagy, wiza goldawyny we ýazylmak üçin zerur resminamalary taýýarlamagy öz içine alýar.
Şeýle hem agentlik talyplar üçin transferi guraýar we uniwersitetleriň umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýer bellemäge kömek edýär. «IDEA+» kompaniýasynyň hünärmenleri okuwa girmek meseleleri barada anyk maslahatlary berýärler we saýlanyp alnan fakultetlerden ýerleri alyp goýmaga ýardam edýärler.
Dalaşgärler üçin esasy möhüm artykmaçlyklar bank edaralary arkaly amatly töleg ulgamy, şeýle hem G.W.Plehanow adyndaky Russiýanyň ykdysadyýet uniwersitetiniň diplomynyň Türkmenistanda resmi taýdan tassyklanylýandygy bolup durýar. Bu ýokary okuw mekdebiniň uçurymlary iki diplom alýarlar: diplomyň rus we emirlikler nusgalary. Bu bolsa olary has hem bäsdeşlige ukyply edýär. Munuň özi uçurymlara işe ýerleşmek we hünäri kämilleşdirmek babatda giň mümkinçilikleri kepillendirýär.
G.W.Plehanow adyndaky Russiýanyň ykdysadyýet uniwersiteti (RYU) — 1907-nji ýylda esaslandyrylyp, ykdysadyýet we işewürlik pudagy boýunça Russiýada öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriň biridir. Bir asyrdan gowrak taryhynyň dowamynda uniwersitet bilim giňişliginde öz hyzmatdaşlyk gerimini örän giňeltdi: 2002-nji ýylda bu ýerde 13 000 talyp okan bolsa, 2023-nji ýyla çenli olaryň sany 50 000 talyba çenli ýetdi. G.W.Plehanow adyndaky RYU-da berilýän ýokary derejeli bilim abraýly reýtingler bilen tassyklanylýar: uniwersitet RAEX 2022 boýunça Russiýanyň iň gowy bäş uniwersitetiniň hataryna girýär we halkara QS QS World University Rankings bütindünýä reýtinginde 301-500 aralygyndaky orunlarda ýerleşýär.
Has giňişleýin maglumat we maslahat almak üçin «IDEA+» agentligine şu görkezilen salgylar arkaly ýüz tutup bilersiňiz:
- telefon belgileri: (+993 71) 51 84 69;
- sosial media ulgamyndaky sahypasy.
Şeýle-de okaň: