Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«IDEA+» agentligi Belarusuň we Malaýziýanyň uniwersitetlerine girmek boýunça maslahat beriş programmasyna çagyrýar

12:4611.02.2025
0
28516

«IDEA +» bilim agentligi Belarusuň we Malaýziýanyň öňdebaryjy uniwersitetlerinde okamagy meýilleşdirýän dalaşgärler üçin maslahat beriş maksatnamasynyň başlanandygyny habar berdi. Agentligiň hünärmenleri her bir talybyň özbaşdak maksatlaryny we mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, okuw jaýyny saýlap almakda toplumlaýyn goldaw berýärler.

«IDEA +» Belarusuň Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersiteti (Ýk ad. GDU), Belarusuň Informatika we radioelektronika uniwersiteti (BIweRU), Belarus döwlet lukmançylyk uniwersiteti (BDLU) hem-de Belarusuň Milli tehniki uniwersiteti (BMTU) ýaly öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy alyp barýar.

«IDEA +» bilen hyzmatdaşlygyň esasy artykmaçlyklarynyň biri resminamalary tabşyrmagy ep-esli aňsatlaşdyrýan Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersitetine we Belarusuň Informatika we radioelektronika uniwersitetine okuwa girmek üçin onlaýn söhbetdeşlik geçirmäge bolan mümkinçilikdir.

Malaýziýada bolsa agentlik University Technology Petronas, Taylor's University hem-de Sunway University ýaly dünýä derejesindäki ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk edýär. «IDEA +» ýokary bilimden başga-da, Malaýziýanyň kollejlerine we abraýly mekdeplerine, şol sanda King Henry VIII College britan hususy mekdebine okuwa girmäge goldaw berýär.

Agentligiň ofisi Aşgabatda şu salgyda ýerleşýär: Bitarap Türkmenistan şaýoly, 108-nji jaý, «Joşgun» söwda merkezi.

Belarusda okap bilim almak barada maglumat almak üçin (+993 71) 51 84 37, (+993 71) 55 04 85 telefon belgilerine jaň edip ýa-da idea.mm005@gmail.com elektron poçta salgysy arkaly ýüz tutup bilersiňiz. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Malaýziýada okamak barada gyzyklanmak üçin bolsa (+993 71) 85 59 18 telefon belgisi bilen habarlaşyp, ýa bolmasa-da malaysiaidea95@gmail.com elektron poçtasy arkaly ýüz tutup bilersiňiz. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň