«The Coca-Cola Company» azyk öndüriji kompaniýanyň Ýewropadaky «Coca-Cola Europacific Partners Belgium» golçur kompaniýasy özüniň Belgiýada, Beýik Britaniýada, Lýuksemburgda, Niderlandlarda, Fransiýada we Germaniýada bazara goýberilen önümlerini, düzüminde hloratlaryň köpdügi sebäpli, yzyna çagyrdy.
Bu barada «Agence France-Presse» neşirine salgylanýan «caliber.az» habar berdi.
Çäreler 2024-nji ýylyň noýabrynyň aýagyndan bäri satuwda bolan bankalardaky we çüýşelerdäki Coca-Cola, Sprite, Fanta, Fuze Tea, Minute Maid, Nalu, Royal Bliss we Tropico içgilerine degişlidir.
Hil ölçeglerine gabat gelmeýän önümleriň uly bölegi eýýäm dolanyşykdan alyndy ýa-da bazara çykarylmady, galan bölegi yzyna almak barada kompaniýa görkezilen ýurtlaryň häkimiýetleri bilen gepleşikleri alyp barýar.
Hloratlar ganda gemoglobin bilen özara hereketde eritrositleriň dagamagyna getirýär, hloratlar bir kilogram adam agramy üçin 10 gramm derejede ölüm howpuny döredip bilýär.