2012-nji ýyldan bäri «Hekem» kärhanalar topary Türkmenistandaky müşderiler üçin gozgalýan we gozgalmaýan emläklere ýokary derejede baha bermegi üstünlikli amala aşyrýar. Kompaniýa satmak, banklardan we beýleki maliýe institutlaryndan karz almak, ulanylmaýan emlägi ýerlemek, amatly bahadan desga satyn almak, täze hyzmatdaşlary we maýadarlary çekmek ýaly dürli maksatlar üçin täjirçilik emlägini bahalandyrmak hyzmatlaryny ýerine ýetirýär.
Täjirçilik emläginiň bahalandyrylmagy işewürligi dolandyrmagyň möhüm guraly bolmak bilen, dogry karar bermäge we maýa serişdelerini netijeli dolandyrmaga mümkinçilik döredýär. Müşderiniň uly ofis binasynyň eýesi ýa-da ýer bölegini satyn almagy meýilleşdirýän maýadar bolmagyna garamazdan, täjirçilik emläginiň bazar bahasynyň dogry hasaplanmagy möhüm ähmiýete eýedir.
Täjirçilik emläklerini bahalandyrmagy meýilleşdirýän işewürleriň bu amalyň mümkin boldugyça netijeliligini üpjün etmek üçin birnäçe möhüm şertleri göz öňünde tutmagy möhümdir:
1. Ýerleşýän ýeri. Şäher merkezi, ulag elýeterliligi, işewürlik merkezlerine ýakynlyk – bularyň ählisi baha täsir edýär.
2. Desganyň görnüşi. Ofis jaýy, söwda meýdançasy, ammarlar ýa-da senagat binalary dürli gymmatlyklara eýedir.
3. Ýagdaý. Binanyň ýaşy, zeperlenmeleri we abatlaýyş işleriniň hili möhüm görkezijilerdir.
4. Girdejililigi. Gozgalmaýan emlägi kärendesine bermekden ýa-da ulanmakdan alynýan girdeji onuň bazar bahasyna gönüden-göni täsir edýär.
5. Bazaryň ýagdaýy. Sebitiň bazaryndaky isleg we teklipler.
6. Hukuk taýdan arassalygy. Paýly eýeçilikde bolmagy, çäklendirmeler ýa-da bergiler emlägiň bahasyny peseldip biler.
«Hekemiň» hünärmenleri täjirçilik emlägi bahalandyrylanda bu şertleriň ählisini üns bilen seljerýärler. Olaryň hasabat görnüşinde düzülen netijesi, resmi güýji bolan resminama bolmak bilen, banklaryň, salgyt edaralarynyň we kazyýetiň kararlary kabul edilende göz öňünde tutulýar.
Kompaniýanyň baha berijileriniň hünär derejesi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň degişli diplomlary we şahadatnamasy bilen tassyklanýar.
Şeýle hem «Hekem» işewürligi, intellektual eýeçiligiň emläklerini, maddy däl aktiwleri bahalandyrmak hyzmatlaryny hödürleýär we Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna laýyklykda maliýe hasabatlaryny taýýarlamak maksady bilen gaýtadan bahalandyrma işlerini ýerine ýetirýär.
Aşakdaky salgylarda Aşgabatdaky kärhanadan maslahat alyp hem-de onuň bilen şertnama baglaşyp bilersiňiz:
• 10 Ýyl Abadançylyk köç., 98, «Altyn Asyr» söwda-dynç alyş merkezi
• Andalyp köç., «Söwda we işewurlik merkezi» binasy
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
• telefonlar: (+993 12) 47 81 15, (+993 62) 00 70 70
• е-mail: hekem.info@gmail.com