Beýik Britaniýanyň Milli saglygy goraýyş gullugy adamyň keýpini gowulandyryp biljek beýni implantatyny synagdan geçirýär. Bu barada ýerli «The Guardian» gazetine salgylanýan «Report» habar berdi.
Habarda enjamyň göwnüçökgünlikden we beýleki psihologik kesellerden ejir çekýän adamlara kömek etmekde peýdalanyp bilinjekdigi bellenýär.
Ýagny enjam neýronlaryň toplumyny oýarmak üçin ultrasesleriň ýörite täsirlerini iberer. Onuň howpsuzlygy 30 töweregi adamda synag ediler.