Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Copernicus»: 2024-nji ýyl synlamalaryň bütin taryhynda iň yssy boldy

12:2311.01.2025
0
24926
«Copernicus»: 2024-nji ýyl synlamalaryň bütin taryhynda iň yssy boldy
Surat: polymia.by

Geçen 2024-nji ýyl 1850-nji ýyldan başlanýan synlamalaryň tutuş taryhynda iň yssy ýyl boldy. Bu barada Ýewropanyň Ýeri uzak aralykdan barlamak hem-de kartografiýalamak boýunça «Copernicus» gullugynyň maglumatlarynda aýdylýar diýip, «rg.ru» ýazýar.

Ýewropaly alymlaryň aýtmagyna görä, ortaça ählumumy howa temperaturasy senagatlaşmakdan öňki derejeden Selsiý boýunça 1,5 gradus ýokary boldy.

Ýylyň gyş, bahar we tomus pasyllary bolmalysyndan has maýyl boldy.

Galyberse-de, 2024-nji ýylyň 22-nji iýulynda ortaça gije-gündiz ählumumy howa temperaturasynyň täze rekordy hasaba alyndy, ol Selsiý boýunça 17,16 gradusa deň boldy.

2025-nji ýyl ady tutulan görkezijiler babatda täze rekord derejede maýyl ýyl bolmaz, emma synlamalaryň tutuş taryhynda iň yssy ýyllaryň üçlügine girer diýlip çaklanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň