Şu gün Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde iki dostlukly ýurduň Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, mongol Lideri Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen duşuşdy. Şeýle hem beýleki daşary ýurtly belent mertebeli myhmanlar bilen Aşgabatda geçirilen, beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly wekilçilikli halkara foruma gatnaşdy.
Irden dostlukly döwletiň Baştutanynyň awtoulag kerweni motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Oguz han köşkler toplumyna ugrady. Galkynyş köçesinden başlap, Türkmenbaşy – Galkynyş köçeleriniň aýlawyna çenli Mongoliýanyň Prezidentini atly hormat nyzamy ugratdy.
Köşkler toplumynyň merkezi girelgesiniň öňünde belent mertebeli myhmany Türkmenistanyň döwlet Baştutany mähirli garşylady.
Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Uhnaagiýn Hurelsuh dostlarça salamlaşyp, köşgüň içine girdiler, şol ýerde mongol Liderini resmi garşylamak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň we Mongoliýanyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde däp bolan resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, iki ýurduň Baştutanlary “Rowaç” zalyna bardylar. Şol ýerde ýokary derejedäki ikiçäk gepleşikler geçirildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhy türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana ilkinji döwlet saparynyň iki ýurduň halklarynyň arasynda dostlugy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmekde taryhy waka boljakdygyna ynam bildirip, Türkmenistanyň Mongoliýa bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegi, iri halkara guramalaryň çäklerinde ýakyndan özara hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýändigini belledi.
Türkmenistanyň Bitarap daşary syýasat ugruny, ýurduň Birleşen Milletler Guramasynda we beýleki halkara düzümlerde öňe sürýän halkara başlangyçlaryny Mongoliýanyň köp ýyllaryň dowamynda we berk goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirildi. Bellenilişi ýaly, öz gezeginde, Türkmenistan hem Mongoliýanyň dünýä syýasy giňişliginde öňe sürýän garaýyşlaryny we halkara ähmiýetli tekliplerini mundan beýläk-de goldamagy maksat edinýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Prezident Uhnaagiýn Hurelsuha Türkmenistana we türkmen halkyna ýokary hormatyň nyşany hökmünde baha berilýän döwlet sapary üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, bu saparyň dowamynda meseleleriň giň toplumyna serediljekdigine we ikitaraplaýyn özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň uzak möhletli geljegini göz öňünde tutup, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň kesgitleniljekdigine ynam bildirdi.
Belent mertebeli myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallygyny beýan edip, şu gezekki ýokary derejedäki taryhy gepleşikleriň ähli ulgamlarda dostlukly döwletleriň ysnyşykly gatnaşyklaryna täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Mongol Lideri özara hormat goýmak we netijelilik häsiýetine eýe bolan hem-de iki dostlukly halkyň bähbitlerine doly laýyk gelýän döwletara dialogy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Uhnaagiýn Hurelsuhyň nygtaýşy ýaly, Mongoliýada Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden begenýärler we esasy ugurlaryň ählisinde döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna umyt edýärler.