Türkmenistanyň Prezidenti «Dragon Oil» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen nebitgaz pudagyny ara alyp maslahatlaşdy, Türkmenistanda Kamboja Patyşalygynyň täze ilçisi işe başlady, Türkmenistanyň ýaşaýjysy muzeýe seýrek teňňe sowgat berdi we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Dragon Oil» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Said Al Taýer bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda ýangyç-energetika toplumynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri, şeýle hem nebitiň we gazyň gazylyp alynýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze tekliplere seretmäge taýýardygyny nygtady.
2. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Kamboja Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sok Çeadan ynanç hatyny kabul etdi. Gulmanowa döwlet Baştutanynyň adyndan ilçini wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa diplomatik wezipesini ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi. Diplomat Türkmenistanyň içeri syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy.
3. Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine özboluşly gymmatlyk – biziň eýýamymyzyň VIII–X asyrlaryna degişli bolan abbaslylaryň altyn dinary sowgat berildi. Agramy 4,27 gram bolan gymmat bahaly teňňäni Türkmengala etrabynyň Zähmet obasynyň ýaşaýjysy Nurmuhammet Babaýew sowgat berdi. Abbaslylaryň altyn dinary diňe bir teňňe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Yslam dünýäsiniň iň uly imperiýalarynyň biriniň ösen döwrüni görkezýän möhüm taryhy gymmatlykdyr. VIII asyrda esaslandyrylan Abbasy halyflygy Ispaniýadan Hindistana çenli aralygy gurşap alypdy, onuň altyn pul birligi bolsa döwletiň güýjüni we gülläp ösendigini alamatlandyrýardy. Muzeýiň hünärmenleri dinaryň takyk derňewini geçirmegi, ony beýleki belli bolan nusgalar bilen deňeşdirmegi we mümkin bolsa, Abbasy halyflygy döwründe sebitiň durmuşy we medeniýeti barada täze açyşlar etmegi meýilleşdirýärler.
4. Türkmenistanda şäherara awtobus ugurlary üçin onlaýn petek satyn almak hyzmaty elýeterlidir. Onlaýn petek satyn almak yzygiderligi gaty ýönekeýdir. Ulanyjylar e.gov.tm portalyna girmeli, «Şäherara awtobus biletleri» bölüminde gidiş we geliş nokatlaryny görkezmeli, awtobusdaky syýahat senesini we oturgyjyny saýlamaly. Petekleriň bahalary ugra baglylykda üýtgeýär. Mysal üçin, Aşgabatdan Türkmenbaşy şäheri boýunça petekleriň bahasy uly ýaşly ýolagçy üçin 65 manat, 13 ýaşa çenli çagar üçin 32,50 manatdyr.
5. Häzirki wagtda birnäçe koreý kompaniýasy Türkmenistanyň infrastruktura ösüşlerine gatnaşýar. Şeýle-de bolsa, köp sanly koreý guramasy gülläp ösýän türkmen bazaryna gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýär. Bu barada Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ji Kýu-Tek belläp geçdi. Diplomat soňky döwürde iki döwletiň arasynda ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlykda örän uly ösüşleriň gazanylandygyny aýtdy. Energetika pudagy üçin täze senagat klasterlerini gurmak boýunça koreý kompaniýalaryna sargytlaryň mukdary barha artýar, şeýle hem bilim almak üçin Koreýanyň ýokary okuw mekdeplerine gelýän türkmen talyplarynyň sany ýylsaýyn artýar.
Dünýäde
6. 26-njy awgustda Awstraliýa «öçürmek hukugy» atly kanun güýje girdi. Täze düzgünlere laýyklykda, işçiler indi iş wagtyndan daşary iş berijileriniň jaňlaryny arkaýyn öçürip bilerler. Bu çäre iş bilen şahsy durmuşyň deňagramlylygyny goramaga gönükdirilendir. Kanunyň iş berijileriň iş wagtyndan daşary işgärler bilen habarlaşmagyny gadagan etmeýändigini bellemek möhümdir, ol diňe işgärlere jogap bermezlik hukugyny berýär.
7. Italiýanyň Peruja şäherinde Jakomo Puççininiň «Bogema» operasynyň gysgaldylan görnüşini hödürlemegi meýilleşdirýärler. Sahna eseri häzirki zaman tomaşaçylary, esasanam «TikTok nesli» üçin uýgunlaşdyryldy. Nusgawy eseri gaýtadan işlemek wezipesini Tenor Janluka Terranowa öz üstüne aldy. Ol ariýalary çaltlaşdyrdy we çykyşyň dowamlylygyny 2 sagat 40 minutdan bir ýarym sagada çenli azaltdy. Terranowa sýužeti has düşnükli etmek üçin kyssaçydan düşündiriş goşdy. Eseriň uýgunlaşdyrylmagynyň maksady ýaşlary we adatça opera barmaýanlaryň ünsüni çekmek. Terranowa Puççini şeýle çemeleşmäni makullardy diýip hasaplaýar, çünki bu usul onuň döredijiligi bilen has giň köpçüligi tanyşdyrmaga mümkinçilik döredýär.
Sport habarlary
8. Wengriýanyň Debresen şäherinde basketboluň 3x3 görnüşi boýunça FIBA-nyň 11-nji dünýä çempionaty başlaýar, oňa Türkmenistanyň 18 ýaşa çenli zenanlar ýygyndysy hem gatnaşar. Medine Ernepesowadan, Jennet Hajymämmedowadan, Mariýa Salminadan we Milana Ýazberdiýewadan ybarat türkmen ýygyndysy ýaryşyň «B» toparçasynda ýaryşar. Olaryň garşydaşlary Ispaniýanyň, Wengriýanyň, Germaniýanyň we Fransiýanyň ýygyndylary bolar. Türkmen toparynyň ilkinji duşuşygy şu gün Aşgabat wagty bilen agşam sagat 20:30-da Ispaniýanyň ýygyndysy bilen geçiriler. Dünýä çempionatyna erkekler we zenanlar ýygyndylarynyň her haýsyndan 20-si gatnaşar. Janköýerler duşuşyklara FIBA 3x3 YouTube kanaly arkaly tomaşa edip bilerler.
9. Aşgabatda professional we ýaş futbolçylaryň gatnaşmagynda «Dostluk kubogy» atly adaty bolmadyk çagalar futbol ýaryşy geçirildi. Bu çäräni «Dostluk ýyldyzlar» çagalar futbol kluby Türkmenistanyň Futbol federasiýasy we «Ahal» futbol kluby bilen bilelikde gurady. «Dostluk Ýyldyzlar» klubynyň ýolbaşçysy Rüstem Esenow ýaryşyň guramaçylygy barada şeýle gürrüň berdi: «Bu çäräni geçirmek arkaly biziň maksadymyz ata-eneleriň öz çagalaryna berýän ünsüni güýçlendirmekdir. Başda biz festiwaly diňe çagalar we olaryň ata-eneleri bilen bilelikde geçirmekçidik. Ýöne soňra media we Futbol federasiýasy hem bu işde bize goldaw berdi». Dabaranyň başga bir aýratynlygy bolsa oňa Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň wekilleriniň hem gatnaşmagydyr. Guramaçylaryň aýtmagyna görä, bu aýratynlyk çagalaryň professional futbolyň derejesini duýmagyna mümkinçilik döretdi we mundan beýläk-de özüni ösdürmeklige ruhlandyrdy.

