Türkmenistanyň Prezidenti dutarçy bagşy-sazandalaryň «Çalsana, bagşy!» bäsleşigine gatnaşyjylary gutlady, Aşgabatda türkmen-eýran moda we dokma sergisi açylar, Astrahan şäherindäki Türkmenistanyň konsullygy Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli çäre geçirdi we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjy ýaş dutarçy bagşy-sazandalary gutlady. Döwlet Baştutany bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara berk jan saglyk, bagtyýarlyk, milli bagşyçylyk we saz sungatyny täze aýdym-sazlar bilen baýlaşdyrmakda döredijilik üstünliklerini arzuw etdi.
2. Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynyň Sergiler zalynda 27-nji awgustda «Türkmen-Eýran ýöriteleşdirilen moda we lybas sergisi» açylar. Bu çäre Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezi we Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen bilelikde guralýar. Sergide iki ýurduň dokma kärhanalarynyň we meşhur brendleriniň ýokary hilli önümleri görkeziler. Bu ýerde eýranly sungat ussadynyň geçirjek ussatlyk sapagy çärede aýratyn gyzyklanma döreder. Sergi 29-njy awgusta çenli dowam eder.
3. Astrahan şäherindäki Türkmenistanyň konsullygy Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni çäre geçirdi. Bu çärä Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy. Ilki bilen Astrahan döwlet uniwersitetiniň seýilgähinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy boldy. Soňra çäre Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýewiň ýolbaşçylygyndaky döredijilik toparynyň çykyşy bilen dowam etdi. Onda Magtymgulynyň goşgularyna döredilen aýdymlar ýerine ýetirildi.
4. Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa ABŞ-nyň Türkmenistandaky täze ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşdy. Taraplar iki ýurduň söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösüş depgini bellenildi.
5. Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynda onuň döredilmeginiň 48 ýyllygy bellenildi. Çäre jemgyýetçilik guramalarynyň goldaw bermeginde geçirildi. Gysga maslahatyň dowamynda goraghananyň esasy iş ugurlary görkezildi, şol sanda Germab bölüminiň Bahça meýdanynda ýakynda döredilen täze tokaý hojalyk synag meýdançasy barada maglumat berildi. Guramaçylar tarapyndan goraghananyň 17 sany iň gowy işgärine gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Dünýäde
6. Özbegistanyň Nukus şäherinde Ginnesiň rekordlar kitabyndan orun alan ýurta (gara öý) peýda boldy. «Ok kuş» toplumynyň çäginde ýerleşýän diametri 40,5 metr we beýikligi 22 metr bolan bu desga dünýädäki iň uly hemişelik ýurta hökmünde ykrar edildi. «Ok kuş» toplumy 50 gektar meýdana ýerleşýär hem-de dürli görnüşli ýurtalaryň we gara öýleriň sergisini öz içine alýar, olaryň arasynda Gazagystandan, Türkmenistandan, Gyrgyzystandan we Başgyrdystandan nusgalar hem bar.
7. Türkiýäniň Denizli welaýatynda ýerleşýän gadymy Laodikeýa şäherinde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde arheologlar täsin açyş etdiler. Günbatar teatry dikeldiş işleriniň dowamynda Gomeriň «Odisseýasyndan» Ssilla atly deňiz jandary bilen söweş sahnasyny şekillendirýän heýkeller topary tapyldy. Heýkellerde boýagyň gowy saklanyp galmagy tapyndylary has gymmatly edýär, munuň özi şeýle gadymy tapyndylar üçin seýrek ýagdaýdyr. Heýkelleriň teatr eserleriniň bir bölegi bolup, Günbatar teatrynyň ikinji gatynda ýerleşendigi çak edilýär, şol hem boýagyň saklanyp galmagyna şert döredipdir.
Sport habarlary
8. Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysynyň futbolçylary Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa Futbol Assosiasiýasynyň çempionatynyň 5-nji orun ugrundaky duşuşygynda Gyrgyzystandan deň-duşlaryny 2:0 hasabynda ýeňdiler. Gollary 17-nji minutda penalti urgusyndan Kakamyrat Babaýew, 49-njy minutda Muhammedaly Nasyrow derwezä girizdi. Bu ýeňiş türkmen toparyna CAFA U-17 ýaryşyndaky ilkinji çykyşyny bäşinji orunda tamamlamaga mümkinçilik berdi. CAFA U-17 ýaryşy Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysynyň 2025-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama ýaryşyna taýýarlygynyň möhüm tapgyryna öwrüldi.
9. Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasy halkara ýaryşlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde milli ýygyndynyň Riganyň klublary bilen bilelikdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny gurmagy meýilleşdirýär. Bilelikdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygy türkmen hokkeýçilerini 2025-nji ýylyň 7 – 14-nji fewraly aralygynda Hytaýyň Harbin şäherinde geçiriljek IX Gyşky Aziýa oýunlaryna we 2025-nji ýylyň 21 – 27-nji apreli aralygynda Stambulda geçiriljek «A» toparçanyň üçünji diwizionynyň dünýä çempionatyna taýýarlamakda möhüm tapgyr bolar.
10. 26-njy oktýabrda türkmen futbol topary «Arkadag» AFK-nyň Çagyryş ligasyndaky ilkinji oýnuny geçirer. Ilkinji oýun Kuweýtde ýaryşyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji aýlawynyň çäklerinde Maldiwleriň «Maziýa» toparyna garşy geçiriler. Bije çejişligiň netijelerine görä, baş tälimçi Wladimir Baýramowyň şägirtleri «B» toparça düşdiler, bu toparçada «Abdyş-Ata» we «Al-Arabi» futbol toparlary hem olaryň garşydaşlary bolar.

