Soňky habarlar

Arhiw

19-njy aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary

11:2119.04.2024
0
5612

Angolanyň täze bellenen ilçisi Daşary işler ministrliginde kabul edildi, Gurbanguly Berdimuhamedow «KazanForum 2024» halkara ykdysady foruma gatnaşmagy meýilleşdirýär, «Hytaý demir ýollary» döwlet korporasiýasynyň wekiliýeti Türkmenistanyň deňiz portunda saparda boldy we beýleki habarlar

TÜRKMENISTANDA

1. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Angola Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Auguştu da Silwa Kunýadan ynanç hatyny kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ilçi Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygyň şol syýasatyň ileri tutulýan ugry bolandygy we şeýle bolmagynda galýandygy bellenildi. Bu barada TDH-niň resmi web saýtynda habar berilýär.

2. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum 2024» halkara ykdysady foruma gatnaşmagy meýilleşdirýär. Bu barada «RIA Nowosti» Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanowyň çäräniň guramaçylyk komitetiniň mejlisinde aýdan sözlerine salgylanyp, habar berdi.

3. Baş direktoryň orunbasary jenap Çian Mingiň ýolbaşçylygyndaky «Hytaý demir ýollary» döwlet korporasiýasynyň wekiliýeti Türkmenbaşy halkara deňiz portuna iş saparyny amala aşyrdylar. Taraplar özarabähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler. Hytaý wekilýeti Türkmenbaşy deňiz portunyň mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşyp, porta ýokary baha berdiler. Olar portuň amatly geografiki ýerleşişini, häzirki zaman infrastrukturasyny we geljekde ösüş üçin möhüm potensialyny bellediler.

4. Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň köşkler toplumynda ýerleşýän Prezident kitaphanasynda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasynyň Türki dünýäsiniň binagärler we inženerler bileleşigi bilen bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türk dilinde neşir edilen «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

5. Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda «Täze ýol» geňeşliginiň çäginde ýerleşýän täze häzirki zaman obasynyň gurluşygy dowam edýär. Häzirki wagtda binalaryň köpüsiniň gurluşyk işleri tamamlandy. Onda jemgyýetçilik we medeni desgalaryň arasynda 420 okuwçy üçin niýetlenen häzirki zaman orta mekdebi we 160 orunlyk çagalar bagy, saglyk öýi, medeniýet öýi, aragatnaşyk öýi, toý dabaralarynyň häzirki zaman merkezi boljak 500 orunlyk «Toý mekany», ýarym gektar meýdanda ýerleşýän ýapyk bazary bolan söwda merkezi, senagat we azyk dükanlary, ýangyn deposy we beýleki desgalar bar.

6. Tatarstan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynda «Махтумкули Фраги – великий просветитель и мыслитель тюркского мира» atly halkara «tegelek stoluň» başyndaky duşuşygy geçirildi. Çäräniň dowamynda Magtymgulynyň dünýägaraýşy we ählumumy gymmatlyklar baradaky pähim-paýhasa ýugrulan eserleri maslahatlaşyldy. Tatarstanly alymlar Kazanda Magtymguly Pyragy ýadygärligini we Aşgabatda Tukaýyň ýadygärligini döretmegiň mümkinçiliklerine garamagyň maksadalaýykdygyny bellediler.

DÜNÝÄDE

7. Miçigan uniwersitetiniň alymlary mugallymlaryň baha goýmakdaky tertibiniň okuwçylaryň bahalaryna täsir edip biljekdigini anykladylar. «Management Science» žurnalynda çap edilen barlagda mugallymlaryň kagyzlary elipbiý tertibinde tertipleşdirenlerinde, A-dan E-e harpa çenli familiýalary bolan okuwçylaryň ortaça F-den Z harpa çenli harply familiýalar bilen deňeşdirilende ortaça 0,3 bal ýokary netije alýandygyny anyklanyldy. Tersleýin tertipde barlananda bolsa bu täsir bildirmedi.

SPORT TÄZELIKLERI

8. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» hokkeý topary şu günler Aşgabat şäherinde geçirilýän halkara ýaryşyň finalyna çykmagy başaran ilkinji topar boldy. «Galkan» bu hukugy şu gün 4-nji tapgyrda Özbegistanyň «Feniks» toparyny uly hasap bilen ýeňenden soň gazandy. «Feniks» bilen duşuşan «Galkan» «A» toparçadaky esasy bäsdeşini 9:1 hasabynda ýeňip, toparçalaýyn tapgyrdaky duşuşyklarynyň ählisini hem ýeňiş bilen tamamlady. Bu ýeňişler «Galkanyň» utugyny 12-ä çykardy. Şu gün «Galkandan» asgyn gelen «Feniks» bolsa ertir ýeňiş gazanaýan-da hem 9 utuk bilen ikinji orny eýeläp, umumy ýaryşyň üçünji orny ugrundaky göreşe goşular.

9. Türkmen stol tennisi mekdebiniň okuwçylary Ylýas Allanazarow bilen Wepa Meredow 10 — 17-nji aprel aralygynda Türkiýäniň Balikesir şäherinde geçirilen 15 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasyndaky halkara ýaryşda toparlaýyn bäsleşiklerde kümüş medaly gazandylar. Finalda türkmen türgenleri 15 ýaşa çenli häzirki Ýewropa çempionlaryndan 3:2 hasap bilen utuldylar.

10. Germaniýanyň «Baýer» kluby Ýewropa ligasynyň çärýek final tapgyrynyň jogap oýnunda myhmançylykda iňlis topary «West Hem» bilen 1:1 hasabynda deň oýnady. Toparlaryň arasyndaky birinji oýun Germaniýada geçirilip, onda 2:0 hasabynda nemes topary ýeňiş gazanypdy. Şeýlelikde, iki oýnuň jemine görä, «Baýer» indiki tapgyra ýollanma aldy. «Baýer» ähli ýaryşlardaky ýeňlişsiz ýörişini 44 oýna ýetirdi. Topar şu möwsümde geçiren 44 oýnunyň 38-sinde ýeňiş gazandy we 6 gezek deň oýnady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň