Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Hytaý demir ýollary» döwlet korporasiýasynyň wekiliýeti Türkmenistanyň deňiz portunda saparda boldular

10:2819.04.2024
0
10449

Baş direktoryň orunbasary jenap Çian Mingiň ýolbaşçylygyndaky «Hytaý demir ýollary» döwlet korporasiýasynyň wekiliýeti Türkmenbaşy halkara deňiz portuna iş saparyny amala aşyrdylar. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, saparyň dowamynda myhmanlar portuň mümkinçilikleridr kuwwatlylygy, şeýle hem infrastrukturasy, tehniki enjamlary we gelejegi babatda ösüşleriniň ugulary bilen tanyşdylar.

Deňiz portunyň wekilleri Hytaý wekilýetine ýolagçy-parom terminalynyň mümkinçilikleri, hyzmat edilýän parom gämi gatnaw ugurlarydyr parom hyzmatlaryny ösdürmegiň gelejegi barada gürrüň berdiler.

Taraplar özarabähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler. Hytaý wekilýeti Türkmenbaşy deňiz portunyň mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşyp, porta ýokary baha berdiler. Olar portuň amatly geografiki ýerleşişini, häzirki zaman infrastrukturasyny we geljekde ösüş üçin möhüm potensialyny bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň