Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

8-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary – Turkmenportal

11:3708.04.2024
0
13892

Türkmenistanda ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler, Türkmenistanyň Prezidenti Hökümetiň 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetiren işleriniň jemini jemledi, Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti 27-nji aprelde Arkadag şäherinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini geçirmek hakynda Buýruga gol çekdi. Bu çözgüt türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewleriň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek maksady bilen kabul edildi. Gözellik bäsleşigi bilen bir hatarda, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bellenildi.

2. 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistanda durnukly ykdysady ösüş gazanyldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde belläp geçdi, şeýle hem onuň dowamynda şu ýylyň ilkinji üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlendi. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, ýurduň jemi içerki önümiň ösüşi 6,3%-e deň boldy, ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň görkezijileri hem oňyn ösüşini saklap gelýär. Ykdysady üstünlikler bilen bir hatarda, ýurtda iri önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň gurluşygy dowam edýär.

3. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko şanly ýubileýi we Russiýa Federasiýasynyň Zähmet gahrymany adynyň dakylmagy mynasybetli gutlaglaryny iberdi. «Bu belent sylag Siziň uzak ýyllaryň dowamynda dürli döwlet wezipelerinde tapawutly zähmet çekmegiňiziň, şeýle hem Russiýanyň hemmetaraplaýyn ösmegine saldamly goşandyňyzyň ykrary bolup durýar» diýlip, hatda bellenilýär.

4. Aşgabatda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Ugurdaş çäreler Arkadag şäherinde we ýurduň ähli welaýatlarynda hem guraldy. Aşgabatda welosipedli ýöriş Çandybil şaýolunyň we Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşýän «Welosiped» binasynyň ýanyndan badalga aldy. Türkmenistan Prezidenti welosipedli ýörişe gatnaşyjylaryň kerweniniň öňüni çekdi we ýurduň ak mermerli paýtagtynyň ajaýyp şaýollary bilen hereket etdi. Köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçýän ugrunda ýaýbaňlandyrylan döredijilik toparlarynyň we türgenleriň görkezme çykyşlary baýramçylygyň şowhunyny artdyrdy.

5. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2024-nji ýylda gant şugundyrynyň bol hasylynyň öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy we degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Azyk senagaty döwlet birleşigine hem-de Mary welaýatynyň häkimligine Mary welaýatynyň etraplarynda önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ylmy esasda ýola goýmak bilen, gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

6. Türkmenistanly Liwanur Berdiýewa Russiýanyň «Удивительные люди» («Täsin adamlar») atly gepleşiginde üstünlikli çykyş edip, özboluşly ukyplary bilen bäsleşigiň eminlerini haýran galdyrdy. Bäsleşikde Liwanura iki sany çylşyrymly şert berildi, ol ýeňillik bilen bu şertleriň hötdesinden geldi. Birinji şertde 50 sekundyň dowamynda ekranda peýda bolan iki belgili sanyň 100 sanysy goşup hasaplamaly boldy. Ikinji şertde ekrandan sekuntda 3 san tizliginde geçýän bir belgili sanyň 200 sanysyny goşmalydy. Şol bir wagtyň özünde, mesele has kynlaşdyryldy: sanlaryň arasynda harplar peýda boldy. Liwanur diňe bir goşulan sanlaryň umumy jemini hasaplamaly bolman, eýsem, beýik matematigiň jümlesini hem aýtmaly boldy.

Dünýäde

7. Taýland sebitdäki goňşularyna Şengen zolagynyň nusgasyny döretmegi teklip etdi. Dünýäniň dürli künjeklerinden syýahatçylar alty ýurtduň: Taýlandyň, Kambojanyň, Laosyň, Malaýziýanyň, Mýanmanyň we Wýetnamyň arasynda kynçylyksyz syýahat edip bilerler. «Günorta Aziýa Şengenini» döretmek pikiri uzak wagt bäri ara alnyp maslahatlaşylýar, ýöne häzirki wagtda ony durmuşa geçirmek üçin has gowy mümkinçilik bar. Sebitiň ýurtlarynyň Baştutanlary «eksportyň haýal bolmagy we dünýäde islegiň gowşaklygy» barada alada edýärler we syýahatçylygy ykdysadyýeti goramagyň usullarynyň biri hökmünde görýärler.

8. Alymlar deňizleriň we ummanlaryň düýbünde 3 – 11 million tonna aralygynda plastigiň ýygnanandygyny, munuň bolsa ýeriň ýüzündäkä garanyňda, 100 esse köpdügini anykladylar. Bu açyş ummanyň düýbüne çökýän, deňiz haýwanlaryna hem-de ösümliklerine howp salýan mikroplastikalara dargaýan iri plastik galyndylaryň ilkinji toplumlaýyn gözlegidir.

Sport habarlary

9. Türkmenistandan Maksad Meredow agyr atletika boýunça Dünýä kubogynda kümüş medal gazandy. Ol Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň Phuketde geçirilen saýlama tapgyrynda üç kümüş medala mynasyp boldy. 23 ýaşly türgen 81 kilograma çenli agram derejesinde bu üstünlige ýetdi. Maksad silterläp götermekde 146 kg, itekläp götermekde 182 kg netije görkezdi. Iki tapgyryň jemi boýunça ol 328 kg agram netije bilen üçünji orny eýelän kanadaly agyr atletikaçy Samuel Guertinden 13 kg öňe saýlanyp, koreýa Ri Çong Songdan bolsa 38 kg yza galyp, ikinji orny eýeledi.

10. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, ýeňiji bolan türgenleri sylaglamak dabarasy boldy. Ýokary netijeleri gazanan türgenlere döwlet Baştutanynyň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan ýadygärlik sowgatlar, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby gowşuryldy. Sylaglananlaryň arasynda para pauerlifting, sambo, söweş sambosy, thekwondo, tennis we karate boýunça halkara ýaryşlarynyň ýeňijileri hem-de baýrakly orunlara mynasyp bolanlar bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň