Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Zyýat Hil» konditer dükanlary Gadyr gijesi üçin sargytlary kabul edýär

11:0930.03.2024
0
18822

Mukaddes Remezan aýynda ruhy päkligi we ýagşy işleri alamatlandyryp gelýän keramatly Gadyr gijesi hem barha ýakynlaşýar. Üstümizdäki ýylda ol aprel aýynyň 5-inden 6-syna geçilýän gijä gabat gelýär.

Gadyr gijesiniň asyrlar boýy saklanyp gelýän özboluşly däbi — jomartlyk, sahylyk, eli açyklyk bilen baglanyşyklydyr. Bu gijede ýakynlaryňy datly tagamlar bilen begendirmek, süýjülikleri paýlamak hoşniýetlilikden nyşandyr.

Bu gijede dogan-garyndaşlaryňyza süýjülikleri hödür edip, göwnejaý gurşawy döretmegiňiz üçin «Zyýat Hil» konditer dükanlary hem datly önümleri bilen maşgala şatlygyňyzy artdyrmaga ýardam eder.

«Zyýat Hil» Gadyr gijesi mynasybetli tort önümlerini amatly bahalardan hödürleýär. Bu dükanlardaky süýjülikleriň ählisi ter we ýokary hilli goşundylar esasynda taýýarlanylýar.

Şeýle-de «Zyýat Hil» dükanlarynda goňşularyň we dost-ýarlaryň üçin sowgat etmäge dürli görnüşli ajaýyp tortlar bar.

Tort önümleri 150 manatdan ýokary möçberde sargyt edilende, Aşgabat şäheriniň çägine tölegsiz eltilip berilýär.

Habarlaşmak üçin:

  • Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254-nji jaý, telefon belgileri: (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;
  • Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi, telefon belgileri: (+993 12) 29 35 03 hem-de (+993 62) 02 13 62;
  • Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3-nji jaý, 1-nji gat, telefon belgileri: (+993 12) 97 95 06, (+993 62) 02 13 63.

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň