Soňky habarlar

Arhiw

Zyýat Hil: 150 manatlyk sargyt edilende Aşgabadyň içine mugt eltip bermek hyzmaty

10:5016.03.2024
0
22466

Süýji tortlar, näzik konditer önümleri, kökeler, baklawa we beýlekiler – bularyň ählisini Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary ýolda wagt ýitirmän, öýlerine ýa-da ofisine eltip bermek hyzmaty boýunça sargyt edip bilerler.

«Zyýat Hil» konditer dükanlarynda 150 manatdan başlap sargyt edilende, Aşgabadyň içine eltip bermek hyzmaty mugt amala aşyrylýar.

«Zyýat Hilde» taýýar süýjülikleri satyn alyp bilersiňiz ýa-da islendik çylşyrymlylygy bolan süýjülikleri taýýarlamak üçin aýratyn sargyt edip bilersiňiz.

Konditer dükanlarynda diňe täze, ýokary hilli önümler ulanylýar. «Zyýat Hiliň» hödürleýän önümleriniň hatarynda tortlar, pirožnoýeler, kökeler, zefir, beze, baklawa, çak-çak, traýfl, wafli we beýlekiler bardyr.

Mundan başga-da, «Zyýat Hiliň» konditerler topary täze görnüşli süýjülikleri hödürläp, önümleriň görnüşlerini artdyrmagyň üstünde yzygiderli işleýär.

«Zyýat Hil» – bu tagamly süýjülikleriň dünýäsi, bu ýerde her kimiň özi üçin göwnünden turjak bir zady tapar!» diýip, konditer dükanynyň wekili belledi.

«Zyýat Hil» konditer dükanlarynyň ýerleşýän salgylary:

  • Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254, habarlaşmak üçin telefonlar (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;
  • Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi, telefonlar (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;
  • Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3, 1-nji gat, telefonlar (+993 12) 97 95 06 we (+993 62) 02 13 63.

Sosial ulgamdaky sahypasy.

Garadaşaýak ýaşaýyş toplumyndaky «Seýran» söwda merkezinde ýerleşýän konditer dükanynda aksiýa hereket edýär – doglan güni ýekşenbe gününe düşýän her bir adama tortlarda 50% arzanladyş berilýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň