Bosfor bogazynda gämileriň iki tarapa gatnawy togtadyldy, bu barada Türkiýäniň Baş kenar goragy edarasyna salgylanýan «Cumhuriyet» gazeti ýazýar.
Munuň sebäbi bogazyň demirgazyk böleginde, Gara deňze ýakyn ýerinde güýçli duman döredi.
Howa şertleriniň ýaramazlaşmagy Bosforyň üstünden geçýän awtoulag köprülerinde hem kynçylyklary döretdi.
Geçen ýanwaryň ahyrynda hem bogazda gämi gatnawlary güýçli ümür sebäpli saklandy diýip, «Izwestiýa» habar berýär.