Turkmenportal logo
29.02.24
1366713667
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ümür sebäpli Bosfor bogazynda gämi gatnawy togtadyldy
Ümür sebäpli Bosfor bogazynda gämi gatnawy togtadyldySurat: iz.ru

Bosfor bogazynda gämileriň iki tarapa gatnawy togtadyldy, bu barada Türkiýäniň Baş kenar goragy edarasyna salgylanýan «Cumhuriyet» gazeti ýazýar.


Munuň sebäbi bogazyň demirgazyk böleginde, Gara deňze ýakyn ýerinde güýçli duman döredi.


Howa şertleriniň ýaramazlaşmagy Bosforyň üstünden geçýän awtoulag köprülerinde hem kynçylyklary döretdi.


Geçen ýanwaryň ahyrynda hem bogazda gämi gatnawlary güýçli ümür sebäpli saklandy diýip, «Izwestiýa» habar berýär.

Ümür sebäpli Bosfor bogazynda gämi gatnawy togtadyldy | Turkmenportal.com