Top.Mail.Ru

Lukman agşamlyk nahardan ýüz öwürmegiň howpludygyny duýdurdy

12:2710.02.2024
0
51329
Lukman agşamlyk nahardan ýüz öwürmegiň howpludygyny duýdurdy
Surat: mir24.tv

Agşamlyk nahardan doly ýüz öwürmek semremege getirip biler, bu barada russiýaly berhiz lukmany Oksana Panowa gürrüň berdi.

Panowanyň sözlerine şamlyk bedende maddalaryň kadaly alyş-çalşygyny üpjün edýär. «Agşamlyk nahardan doly ýüz öwürmek wagtyň geçmegi bilen, metabolizmi haýalladyp biler, netijede, siz diňe horlanman, artykmaç agram edinmegiňiz hem daşda däl» diýip, berhiz lukmany düşündirdi.

Şunuň bilen birlikde, Panowa uklamazdan üç-dört sagat öň naharlanmagy ýa-da ukudan bir-bir ýarym sagat öň ýeňil garbanmagy maslahat berdi diýip, «78.ru» saýtyna salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň