Rus gallasyny Türkmenbaşy portunyň üsti bilen daşamak üçin täze mümkinçilikler döredilýär

18:5016.12.2023
0
19640

Türkmenbaşynyň halkara deňiz porty nyrh ulgamyny täzeläp, Russiýanyň galla önümlerini üstaşyr geçirmek üçin täze mümkinçilikleri döredýär.

Portuň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, häzirki wagtda Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň ýük terminalynda bugdaý, arpa we mekgejöwen ýaly dürli galla önümlerini saklamak üçin umumy kuwwaty 35 müň kub metr bolan 14 sany ambar bar.

Şeýle-de bu terminalda oturdylan häzirki zaman awtomatiki konweýer ulgamynyň kömegi bilen, gämiden sagatda 350 tonna çenli gallany göni wagonlara, ulaglara ýa-da ammarlara düşürip bolýar.

Mundan başga-da, galla we beýleki ýükleri Eýranyň deňiz portlaryna yzygiderli daşaýan rus gämileriniň eýelerine Russiýa Federasiýasyna dolanylanda yzyna äkitmek üçin Türkmenbaşynyň halkara deňiz portundan ýük almak mümkinçiligi döredilýär.

Mundan ozal, Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň nyrh ulgamyny täzeländigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň