Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty nyrh ulgamyny täzeledi

18:3416.12.2023
0
25184

Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunda Logistiki merkezini döretmek, şeýle hem portuň çäginde ýük goryny emele getirmek maksady bilen täze nyrh ulgamy taýýarlandy.

Hazar deňzindäki ýerleşen deňiz portlaryň infrastrukturasyny gowulandyrmak, nyrh syýasatyny kämilleşdirmek, multimodal mehanizmleri ulanmak, bökdençlikleri azaltmak, resmileşdiriş proseduralary ýeňilleşdirmek ýaly wezipeleri durmuşa geçirmek wajyp bolup durýar. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Çap edilen maglumatlara görä, täze nyrh meýilnamasy aşakdaky ýaly:

Şeýle hem çeşme aşakdakylary ýatladýar:

  • Üstaşyr ýükler üçin girip çykýan gämiler nobatsyz kabul edilýär;
  • Üstaşyr ýükler 24 sagadyň dowamynda düşürilýär.
  • Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň terminallarynyň duralgalarynyň arasynda gämi ýanama hyzmaty tölegsiz ýerine ýetiriler.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň