Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda türkmen gazyny Yraga ibermek boýunça gepleşikler geçirildi

16:4007.11.2023
0
13800

Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda «Türkmengaz» DK-nyň ýolbaşçylary bilen Aşgabada sapar bilen gelen Yrak Respublikasynyň wekiliýetiniň duşuşygy geçirildi. Yragyň wekiliýetine elektroenergetika ministri Ziad Ali Fadel ýolbaşçylyk etdi. Bu barada oilgas.gov.tm saýtynda habar berildi.

Günüň birinji ýarymynda taraplar gaz ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Günüň ikinji ýarymynda gepleşikler dowam eder diýlip, habarda bellenilýär.

Ýeri gelende ýatlatsak, 2023-nji ýylyň oktýabrynda «Türkmengaz» DK bilen Yragyň Elektroenergetika ministrliginiň arasynda Tebigy gazy satyn almak boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Resminama laýyklykda Eýranyň üsti bilen «swop» usulynda ýylda 10 milliard kub metr türkmen gazyny Yraga ibermek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň