Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Nebitmaş» DK Türkmenistanyň elektrotehnika pudagy üçin dürli görnüşli izolýatorlary öndürýär

10:1206.11.2023
0
21898

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Nebitmaş» döwlet kärhanasy içerki bazar üçin gurluşy we niýetlenilişi, şeýle hem gurnalýan elementleriniň konfigurasiýasy bilen tapawutlanýan izolýatorlary öndürýär.

Olaryň hatarynda 1000 Gerse çenli ýygylygy we 1000 Woltdan ýokary naprýaženiýesi bolan elektrik enjamlaryny we paýlaýjy gurluşlary, elektrik stansiýalarynda we podstansiýalarda deňiz derejesinden 1000 metre çenli beýiklikde ýerleşýän paýlaýjy gurluşlar bilen enjamlaşdyrylan tok geçiriji simleri izolýasiýa etmek hem-de berkitmek üçin niýetlenen armirlenen ýokary woltly «UHLT S 4-80-I» direg-steržen izolýatory bardyr.

«Nebitmaş» döwlet kärhanasynyň önümçiligi elektrik enjamlarynda tok barýan bölekleri izolirlemek we berkitmek üçin niýetlenen «IO-1-2,5» kysymly armirlenen oturdylýan direg-keramika izolýatoryny hem öz içine alýar.

Kärhana sargyt edijilere 60 Gerse çenli ýygylygy we 10 kW çenli naprýaženiýesi bolan elektrotehnika enjamlarynyň böleklerini mehaniki birikdirmek ýa-da izolýasiýa etmek üçin niýetlenen «ITG-10-7,5-58 I UZ» kysymly armirlenen farfor çekiş izolýatoryny hödürleýär.

Şeýle hem «Nebitmaş» DK içerki bazar üçin 1 kV nominal naprýaženiýesi bolan «IPT-1/250», «IPT-1/400», «IPT-1/630», «IPT-1/1000» kysymly güýç transformatorlary üçin geçiriji izolýatorlary öndürýär.

Ýatlatsak, kärhana izolýator önümçiliginden başga-da, beýleki elektrotehnika önümlerini, şol sanda «PN-2» kysymly goraýjy enjamy (predohranitel), transformatorlary, transformatorlaryň giriş kontaktlaryny we beýleki gurluşlary öndürýär.

Şunuň bilen birlikde, bu ýerde nebitgaz senagaty we ýurduň halk hojalygynyň beýleki pudaklary üçin harytlaryň dürli görnüşleri, şeýle hem tutuş energetika toplumynyň düzüm birlikleri üçin dürli önümler öndürilýär.

«Nebitmaş» DK-nyň salgysy: Aşgabat, 2008-nji köç., 6-njy jaý

Telefonlar: (+993 65) 69 91 64; (+993 12) 76 02 43; 76 03 69. Faks: (+993 12) 76 02 25.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň