Turkmenportal logo
30.10.23
3814138141
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Nebitmaş» kärhanasynyň işçileri ýokary hünär taýýarlykly we baý iş tejribeli hünärmenlerdir

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Nebitmaş» döwlet kärhanasynda öz işiniň ussat hünärmenleri zähmet çekýärler. Kärhananyň bölümleri senagatyň we gurluşyk pudagynyň dürli ugurlary — gaz peç toplumlary, metal gaplar, yşyklandyryş we transformator stansiýalary, elektrik geçiriji diňler, liniýa-zynjyr enjamlary, iş eşikleri, işçiler üçin wagon görnüşli jaýlar we başga-da köp sanly önümleri öndürýär.



Kärhananyň uly iş tejribesi bolan hünärmenleri tokar-frezer, demir ussaçylyk, gurnama we abatlaýyş işleriniň köpüsini ýerine ýetirýärler.



«Nebitmaş» kärhanasynyň önümleriniň hili we köpdürlüligi hersi öz pudagynda ussat hasaplanylýan hünärmenleriň tagallasy bilen üpjün edilýär.



Kärhananyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., 2008-nji köçe, 6-njy jaý.


Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 65) 69 91 64; (+993 12) 76 02 43; 76 03 69. Faks: (+993 12) 76 02 25.


Şeýle-de okaň: