Soňky habarlar

Arhiw

Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Eýranyň ilçisi bilen duşuşdy

13:1829.10.2023
0
31934

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Eýran Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Golam Abbas Arbab Khales bilen duşuşdy. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we onuň giňeltmek bilen bagly birnäçe meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu babatda, 2023-nji ýylyň 30-31-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýrana amala aşyran saparynyň ähmiýeti nygtaldy we bu saparyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi barada umumy pikir beýan edildi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň ahyrynda R.Meredow Eýranyň ilçisine türkmen-eýran gatnaşyklaryny ösdürmekde alyp baran işleri üçin minnetdarlyk bildirdi we geljekki işinde üstünlik arzuw etdi.

Eýranyň ilçisi hem, öz gezeginde, Türkmenistanda diplomatik missiýasynyň durmuşa geçirilmegine goldaw we ýardam berendigi üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň