Soňky habarlar

Arhiw

«Alpha Home» türkmen kompaniýasy öndürilýän mebelleriň we hyzmatlaryň ýokary hilini kepillendirýär

09:0721.08.2023
0
15349

«Alpha Home» interýer dizaýnynyň studiýasy özüni dizaýnerlik we abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmekde, şeýle hem dürli görnüşli mebelleri öndürmekde giň görnüşli hyzmatlary ýetirýän ygtybarly kärhana hökmünde mälim etdi.

Ýokary hünär taýýarlygy bolan hünärmenler müşderilere olaryň ähli isleglerini we mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, şol sanda dizaýn taslamasynyň deslapky 3D wizuallaşdyrmasyny ýetirmek bilen, islendik gurşawy bezemek işiniň dürli mümkinçilikleri hödürleýärler. Munuň üçin interýer dizaýnerleri müşderileriň salgysyna mugt barýarlar.

Studiýanyň tejribeli ussalary interýeriň dizaýnyny wizuallaşdyrmak esasynda islendik çylşyrymlylykda abatlaýyş işlerini geçirmek bilen, bahalary taýýarlamaga we öňdebaryjy öndürijilerden ýokary hilli gurluşyk materiallaryny satyn almaga kömek edip bilerler.

«Alpha Home» öý abatlanylandan soň hem müşderileriň aladasy bilen, gurşawyň ýerleşdirme-gurnama işlerini öz boýnuna alýar. Türkmenistanlylar eýýäm dürli ýaşdaky çagalara niýetlenip öndürilen açyk reňkli, esasan-da, funksional we amatly mebellere, öý we ofis otaglaryny bezemek üçin gurnalan ýumşak hem-de göwrümli mebellere ýokary baha berdiler. Mundan başga-da, studiýanyň ähli önümleri mebel toplumyna we ulanylyş şertlerine baglylykda, ýarym ýyla çenli kepillik bilen üpjün edilýär. «Alpha Home» mebelleriniň nusgalary bilen kompaniýanyň sosial media ulgamyndaky sahypasyndan tanşyp bilersiňiz.

«Alpha Home» studiýasynyň abatlaýyş we dizaýnerlik işlerini, mebellerini şu salgydan sargyt etmek bolýar: Aşgabat ş., Atamyrat Nyýazow köçesi, 186-njy jaýy, «Bereket» binasy (girelge howludan).

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 65) 67 47 40, (+993 65) 64 44 47, (+993 12) 12 12 61, (+993 12) 12 12 71, (+993 12) 12 12 81, (+993 12) 12 12 91.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň