Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedowa Wengriýadan çakylyk haty geldi

22:5419.08.2023
0
38662
Gurbanguly Berdimuhamedowa Wengriýadan çakylyk haty geldi
Surat: tdh.gov.tm

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbandan ýeňil atletikada möhüm waka — Merkezi Ýewropada ilkinji gezek geçirilýän dünýä çempionatyna gatnaşmaga çakylyk haty gelip gowuşdy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

— Her ýylyň 20-nji awgusty wengerleriň durmuşynda ähmiýetli sene hasaplanylýar. Milli senenamamyzyň bu möhüm gününde esaslandyryjy patyşamyz Keramatly Stefanyň gününi belleýäris. Ýöne şu ýyl bu baýram has-da özboluşlylygy bilen tapawutlanar. Wengriýa tutuş dünýäniň üns merkezinde bolar. Çünki Budapeştde 19 — 27-nji awgust aralygynda ýeňil atletika boýunça dünýä çempionaty geçiriler — diýip, Premýer-ministr Wiktor Orban ýollan hatynda belleýär.

Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban çakylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny we onuň maşgalasyny täze Milli ýeňil atletika merkezinde mübäreklemegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi.
Hatda bellenilişi ýaly, bu ýerde erkekleriň arasynda 100 metr aralyga ylgamak boýunça ýaryşyň jemleýji tapgyry geçiriler. Soňra Karmelitleriň ybadathanasynda dabaraly kabul edişlik bolar, şeýle hem Ýewropada iň şüweleňli feýerwerk guralar.

Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Budapeştde hut özüniň mübäreklemek hormatyna eýe boljakdygyna tüýs ýürekden ynam bildirip, türkmen halkynyň Milli Liderine berk jan saglyk we alyp barýan döwletli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna hem Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbandan ýeňil atletikada möhüm waka — Merkezi Ýewropada ilkinji gezek geçirilýän dünýä çempionatyna gatnaşmaga çakylyk haty gelip gowuşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň