Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Wengriýada geçiriljek sport baýramçylygyna çagyryldy

22:4319.08.2023
0
38689
Serdar Berdimuhamedow Wengriýada geçiriljek sport baýramçylygyna çagyryldy
Surat: tdh.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbandan ýeňil atletikada möhüm waka — Merkezi Ýewropada ilkinji gezek geçirilýän dünýä çempionatyna gatnaşmaga çakylyk haty gelip gowuşdy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

— Her ýylyň 20-nji awgusty wengerleriň durmuşynda ähmiýetli sene hasaplanylýar. Milli senenamamyzyň bu möhüm gününde esaslandyryjy patyşamyz Keramatly Stefanyň gününi belleýäris. Ýöne şu ýyl bu baýram has-da özboluşlylygy bilen tapawutlanar. Wengriýa tutuş dünýäniň üns merkezinde bolar. Çünki Budapeştde 19 — 27-nji awgust aralygynda ýeňil atletika boýunça dünýä çempionaty geçiriler — diýip, Wiktor Orban hatynda belleýär.

Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban çakylygynda Türkmenistanyň Prezidentini we onuň maşgalasyny täze Milli ýeňil atletika merkezinde mübäreklemegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi.
Bu ýerde erkekleriň arasynda 100 metr aralyga ylgamak boýunça ýaryşyň jemleýji tapgyry geçiriler. Soňra Karmelitleriň ybadathanasynda dabaraly kabul edişlik bolar, şeýle hem Ýewropada iň şüweleňli feýerwerk guralar.

Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Budapeştde hut özüniň mübäreklemek hormatyna eýe boljakdygyna tüýs ýürekden ynam bildirip, Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna berk jan saglyk we alyp barýan döwletli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň