Ozal habar berşimiz ýaly, şu günler Azerbaýjanda türkmen wekiliýeti saparda bolýar. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň bölüm başlygy Myrat Myradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiň düzüminde transport, logistika, söwda we birnäçe ugurdaş döwlet we hususy düzümlere wekilçilik edýän ýolbaşçylar bar. Wekiliýetiň agzalary Azerbaýjanyň Alýat erkin ykdysady zolagyna baryp gördi. Ol ýerde türkmen tarapy Alýat erkin ykdysady zolagynyň dolandyryş edarasynyň ýolbaşçysy Waleh Aleskerow bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda Aleskerow wekiliýetiň agzalaryny Alýat erkin ykdysady zolagynyň işi bilen jikme-jik tanyşdyrdy hem-de türkmen tarapyny bu döredilen mümkinçiliklerden we şertlerden peýdalanmaga çagyrdy.
Duşuşykda erkin ykdysady zolagyň geostrategiki ýerleşişi, salgyt we maliýe höweslendiriş bukjasy, özboluşly hukuk binýady, ulanmaga taýýar infrastruktura, ulag we logistika merkezleri bilen ýer bölekleri ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan ozal, türkmen wekiliýetiniň Baku halkara deňiz portuna baryp görendigini habar beripdik. Wekiliýetiň agzalarynyň Baku halkara deňiz portuna baryp görmeginiň esasy maksady Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ýük daşamagy ýokarlandyrmakda hyzmatdaşlygy giňeltmekden, bu ugurda goşmaça mümkinçilikleri kesgitlemekden we täze görnüşli ýükleriň daşalmagyny höweslendirmekden ybaratdyr .
Ýeri gelende bellesek, Amatly geografiki ýerleşişe eýe bolan Türkmenistan we Azerbaýjan üçin ulag-üstaşyr infrastrukturasynyň ösüşi möhüm ähmiýete eýedir. Şundan ugur alyp, ýurtlar halkara ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ulag pudagynda iri halkara we sebit taslamalarynyň birnäçesini durmuşa geçirýärler. Türkmen wekiliýetiniň Azerbaýjana amala aşyrýan saparynyň esasy maksady hem ulag-logistika ulgamynda türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygyny has-da ýokarlandyrmak bolup durýar.