Top.Mail.Ru

Türkmen wekiliýeti Baku halkara deňiz portuna baryp gördi

09:4918.07.2023
0
22336
Türkmen wekiliýeti Baku halkara deňiz portuna baryp gördi
Surat: trend.az

Türkmen wekiliýeti Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ýük daşamagy ýokarlandyrmakda hyzmatdaşlygy giňeltmek, bu ugurda goşmaça mümkinçilikleri kesgitlemek we täze görnüşli ýükleriň daşalmagyny ýola goýmak maksady bilen, Baku halkara deňiz portuna baryp gördi. Bu barada «Trend» habar berýär.

Habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň bölüm başlygy Myrat Myradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiň düzüminde ulag, logistika, söwda we birnäçe ugurdaş döwlet we hususy düzümlere wekilçilik edýän ýolbaşçylar bar.

Türkmen wekiliýetiniň agzalary Baku portunyň tehniki mümkinçilikleri, dowam edýän we meýilleşdirilýän gurluşyk taslamalary bilen, şeýle-de özara hyzmatdaşlykda daşalýan harytlaryň mukdary, halkara portlar we logistika kompaniýalary bilen tanyşdylar.

Ýeri gelende bellesek, Baku halkara deňiz portunyň ýük geçirijiligi ýylda 15 million tonna barabardyr. Häzirki wagtda bu görkezijini ýylda 25 million tonna çenli ýokarlandyrmak üçin degişli işler alnyp barylýar.

Baku portunyň ikinji tapgyrynyň gurluşygy Niderlandlaryň «Royal HaskoningDHV» kompaniýasy tarapyndan ýerine ýetirilýär. Portuň ikinji tapgyrynyň şu ýylyň ortalaryna taýýar bolmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň