Türkmenistanda dürli diametrli we maksatly basyşly we basyşsyz polimer turbalary öndürýän iň iri öndürijileriň biri bolan «Türkmen Senagat» kärhanasy önümçiliginiň gerimini giňeldýär. Ýakyn wagtda zawodda bagbançylykda we gök önümleri ösdürip ýetişdirmekde aýratyn isleg bildirýän damjalaýyn suwaryş üçin turbalaryň hem-de lentalaryň önümçiligini artdyrmaga itergi berjek täze seh işe giriziler.
Öňdebaryjy daşary ýurt öndürijileriniň enjamlary «Türkmen Senagatyň» önümlerini diňe içerki bazara ýerlemäge däl, eýsem, daşary ýurtlara eksport etmäge hem mümkinçilik berýär.
Kärhanada öndürilýän turbalaryň ýokary hili halkara güwänamalary bilen tassyklanandyr.
Ýatlatsak, «Türkmen Senagat» damjalaýyn suwaryş ulgamlary üçin turbalardan we şlanglardan başga-da, jemagat hyzmatlarynyň – suw, gaz, lagym ulgamlarynyň zerurlyklary üçin, şeýle hem elektrik torlaryny we ş.m. çekmekde kabel geçirijileri hökmünde ulanylyp bilinjek tekiz we gasynlanan, göni we rulonly turbalary öndürýär.
Polipropilenden we polietilenden öndürilen turba önümleriniň görnüşleri barada «Türkmen Senagat» zawodynyň saýtynda, şeýle hem senagat zolagynyň çäginde ýerleşýän kärhanada has giňişleýin maglumat alyp bilersiňiz: Ahal welaýaty, Ak Bugdaý etraby, 172-nji zolak.
Kompaniýanyň ofisi: Aşgabat, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 81.
Telefon: (+993 61) 03 14 50.
Elektron poçta salgysy info@turkmensenagat.com
Bellik: habar «Sarayan» kärhanasynda ýörite iş eşigini tikdirmek boýunça sargyt ediň we «Turkmenportal» internet neşirinde mahabat (reklama) gazanyň» aksiýasy esasynda ýerleşdirildi.
Şeýle-de okaň: