Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Nebitmaş» döwlet kärhanasy önümçilik zerurlyklary üçin ýörite iş eşiklerini tikmek boýunça sargytlary kabul edýär

10:4211.07.2023
0
29325

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň ýurduň nebitgaz we elektroenergetika senagatlary üçin enjamlary hem-de goşmaça esbaplary öndürýän «Nebitmaş» döwlet kärhanasy önümçilik we gurluşyk kärhanalary üçin hem ýörite iş eşik taýýarlaýar.

«Nebitmaş» 2021-nji ýylda ýörite iş eşikleriniň önümçiligini özleşdirdi. Häzirki wagtda bu ýerde onuň dürli görnüşleri, şol sanda penjekler, buşlatlar, jalbarlar, şeýle hem dürli ululykdaky düşek örtükleri taýýarlanylýar. Bu önümleri sargyt edijileriň hatarynda döwlet edaralary we hususy kärhanalar, şol sanda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, «Bereket» kän hojalygy, «Balkan» kän müdirligi ýaly kärhanalar bardyr.

Tikin işlerinde «Türkmenbaşy dokma toplumy» ÝGPJ tarapyndan öndürilýän çydamly we ýokary hilli gabardin matasy peýdalanylýar. Kärhananyň tikin sehi häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.

«Nebitmaşyň» ýörite iş eşikleriniň berkliginiň, çydamlylygynyň we ulanmakda peýdalylygynyň islendik çylşyrymlylykdaky önümçilik işi alnyp barlanda hem eýesiniň howpsuzlygyny üpjün edýändigini bellemek gerek.

Ýatlatsak, «Nebitmaş» önümçilik-tehniki maksatly enjamlaryň we önümleriň giň toplumyny öndürmek bilen birlikde, nebitçileriň hojalygyny emele getirmekleri hem-de ýaşamaklary üçin ähli şertler göz öňünde tutulan typýan aýakly (salazkaly) wagon-öýjagazlary (ýerini üýtgetmegiň ýeňil bolmagy üçin) taýýarlaýar, şeýle hem kondisioner ulgamlaryny we sowadyjy enjamlary gurnamak hem-de abatlamak bilen meşgullanýar.

«Nebitmaş» DK-niň salgysy: Aşgabat, 2008-nji köç., 6-njy jaý.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 65) 69 91 64; (+993 12) 76 02 43; 76 03 69,

Faks: (+993 12) 76 02 25.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň