Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedowa «Türki dünýäsine ýokary hyzmatlary üçin» atly medal gowşuryldy

01:3229.06.2023
0
42123
Gurbanguly Berdimuhamedowa «Türki dünýäsine ýokary hyzmatlary üçin» atly medal gowşuryldy
Surat: maslahat.gov.tm

28-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň Baş sekretary Ilýas Demirjini kabul etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi saýtynyň habar berşi ýaly, duşuşygyň dowamynda Arkadag şäheriniň ekologiýa nukdaýnazaryndan ýokary baha mynasypdygy bellenildi. «Aziýanyň öwşün atýan ýyldyzy» hökmünde ykrar edilen täze şäheriň binagärlik çözgüdi, onuň täzeçil tehnologiýalary, ekologiýa derejesi babatda halkara ähmiýetli güwänamalara mynasypdygy nygtaldy. Şeýle hem myhman bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdi hem-de türk tarapynyň Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň taslamalarynyň amala aşyrylmagyna gatnaşmaga taýýardygyny nygtady.

Duşuşykdan soňra myhman Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türki dünýäniň inžener we binagärler birleşiginiň «Türki dünýäsine ýokary hyzmatlary üçin» atly medalyny gowşurdy.

Ozal türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki medeniýetiň halkara guramasynyň iň ýokary sylagy bolan «TÜRKSOÝ» ordeni bilen sylaglandygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň