Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow «TÜRKSOÝ» ordeni bilen sylaglandy

01:1629.06.2023
0
40032
Gurbanguly Berdimuhamedow «TÜRKSOÝ» ordeni bilen sylaglandy
Surat: Türkmenmetbugat

28-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahaty, şeýle hem Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyşy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny bildirip, Gurbanguly Berdimuhamedowy Gurban baýramy bilen gutlady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, adamkärçilik, hoşgylawlylyk we sahylyk ýaly ynsanperwer gymmatlyklaryny ündeýän mukaddes Gurban baýramynyň türki dünýäsinde özara düşünişmegiň we raýdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşykdan soňra myhman Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Türki medeniýetiň halkara guramasynyň iň ýokary sylagy bolan «TÜRKSOÝ» ordeni bilen sylaglady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň