Soňky habarlar

Arhiw

«Turkmenportalda» «Ýörite makalalar» atly täze rubrika açyldy

14:2915.05.2023
0
42651

«Turkmenportal» web saýtymyzda dürli ugurlara degişli täzelikler bilen birlikde, meşhur şahsyýetler, peýdaly maslahatlar, telekeçilik we durmuşyň gyzykly wakalaryna bagyşlanan maglumatlar ýerleşdirilýän makalalar bölümi-de hereket edýär.

Bu bölümdäki makalalar auditoriýada uly gyzyklanma döredýär. Ýakynda bu bölümiň çägi has-da giňeldilip, «Ýörite makalalar» atly täze rubrika açyldy. Bu rubrikanyň esasy aýratynlygy, onda tölegli esasda habarlardyr makalalary ýerleşdirip bolýar.

Islendik ýaşdaky, islendik kärdäki adamlar öz habarlaryny ýa-da täsirli makalasyny okyjylar bilen paýlaşmak islese, bu rubrika iň ygtybarly ýardamçy bolup bilýär.

«Ýörite makalalar» rubrikasynda tölegli esasda habardyr makala ýerleşdirmek üçin, şu aşakdaky elektron salga ýa-da telefon belgisine ýüz tutup bilersiňiz:

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+993 65) 05 11 27; elektron poçta: reklama@turkmenportal.com

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň